"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Başda — paýhas, halkda — ynam

Ärsary babadan halkyň parahat ýaşamagy üçin näme gerekdigini sorapdyrlar. Ol: — Ili yzyna düşürýän Başda paýhas, halkda ynam bolsa, şol ýurda batyrynmaga gaýry ýurtlar milt edip bilmez. Sebäbi Zeminde jebisligi dargadyp biljek güýç ýokdur — diýipdir.

Durmuş pelsepeleri

Kitaby köp okaýan adamlar özüni we ýaşaýan döwrüni, döwürdeşlerini özgelere garanda has ýakyndan tanaýan adamlardyr. * * *

Bagtyň syry (hindi tymsaly)

Akyldar töweregiň gözelligine guwanyp, durmuşyň lezzetine melul bolup, pikire batyp barýarka, öňünden arkasy agyr ýükli, ýegşerilip, ejir baryny çekip gelýän bir adam çykýar. Oňa gözi düşen akyldar durup bilmän: — Sen näme özüňi beýle jebir-jepalara dözüp ýörsüň? — diýip soraýar.

Çarwa hekaýatlary

Oda imrinseň... — Çopan ody diýseler, diýibersinler. Tutaşdyrlyk pisint ýalaň ot-çöpden bir goltuk üýşürip, üstüne-de 3-4 sany jomursak çüýrüntgini atanaklaýyn ataga-da, otlap goýberersiň welin, dünýäň ýaza dönäýer. Salym geçmänkä mis tüňçäň lakyrdap ses edip durandyr. Çaýyň demini almanka ot söneňkirlär. Arkasyna bir garyş çygar çybyk diräp goýan el ýaly ýernanyň kakabam ýetişmez. Ot eýýäm sönüp, küli gaýmalaşyp başlar. Şoňa syn kylyp ýürekse edinip, bokurdagyňy öllärsiň. Şoň bilen çopan odunyň ömri gutarmalydyr — diýip, Çary Halyl täze gelen çolugyna gözüniň gytagyny aýlady.

Ýa­kym­ly ökünç

Günleriň yzygiderli başagaýlygy ara menzil salypdyr. Üst-üstüne münderlenen goşa aýakgaplary gerdeniňde götergiläp ýatyrdyň. Ýa dünýäniň Ýer sahnasynda basgançak keşbini başardygyňça ýerine ýetirişiňmidi?! Ýa-da söbükbasarlaryňa soňky pursada çenli wepalylygyň nusgasymy?! Dogrusy, onçasyn-a bilmedim welin, ýöne köpüň keşigini çekýäne «kişi» diýilýän-ä anyk. Şol kysmatyňa-da kaýyldyň. Egniňde hellewleşip oturanlar-a günde-günaşadan tämizlenip duruldy. Şonda-da, ne göze ildiň, ne-de ýatlanyldyň. Tersine, «Zibile zyňaýmaly ekeniňiz» diýen teýeneli söze-de galdyň. Diş çykarjak çaga ýaly, ahmyrdan dilimi çeýnedim, emma «söz agyzdan çykansoň, özüňki däl» ahyr. Nämüçindir dury pikirleri tozga ýaly tozadyp, şahyryň: Ilkinji ädimler bolsa-da şowsuz,Indiki ädimler bolmaýar şonsuz

Ar­ka­dag­ly Wa­ta­ny­my­zyň wasp­çy­sy

Şa­hyr Ba­zar Şa­ly­ýe­wiň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si ba­ra­da oý­lan­ma­lar Şygryýet dünýäsi täsin hem jadyly dünýä. Şahyrlaryň joşgunly kalbyndan gaýnap çykan goşgulary okanyňda, söz diýilýän gudratyň ynsan aňyna, ýüregine ýiti täsir edýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Söz şahyr kalbynda şygra öwrülip, okyjylara söýgi, gözellik, mähir eçilýär. Adamlary ýagşylyga, ynsanperwerlige, sahawatlylyga, adamkärçilige çagyrýar.

Gün, goja we gyz

Wasiliý Şukşin, rus ýazyjysy (Hekaýa)

Duýguly dünýä

BU DÜNÝÄ Bu owadan dünýä,                                 görmegeý dünýä,Her ülşi baky behişt parçasy.Meň gözlerme şahyrana görünýär,Sazagy, ojary,                           çynar-arçasy.Maýsaly meýdanda bugdaý-arpasy,Owsunýar,                   tolkunýar                                    ýaşyl deňiz deý.Dünýäniň bezegi gyzy-geliniBir ylahy bugdaýreňk meňiz deý.

Şygryýet bossany

KÜMÜŞ DÄNEJIKLER Gün şöhlesi degäýse,Gamaşdyrýar ýalkymy.Utançdan baş egäýse,Gardan ak oň alkymy.

Meniň ýaşaýşym

Hakykatmy, ýalan, huşmy ýa hyýal,Gözleriň her ýerde, ýeke şol aýan. Säher asman seniň mawy gözleriň,Gije ýyldyz bolup bakýaň, gözlegim.

Gamyşlykdaky gürrüň (Hekaýa)

Gamyşlyk diýýänim bir obanyň ady. Käte syrgynyň aýagujunda ýaşaýan Kerim bilen Gamyşlygyň gaýrasyndaky ene ýapdan balyk tutmaga gidýäris. Asyl-ha, ol obada Söhbet atly dostumyzam bar. Ýüregi gyssa, dynç gününe gabatlap jaň edýär: «Geliň, balyk tutalyň!» diýip. Balyk awlamagyň, hakyt, barypýatan «muşdagy» men. Näme üçin diýseňiz, ol ynsanyň sabyrlylygyny synaýar. Ýüregi howlugýanlar üçin hälki bir güýmenje ýaly bolup görünýän bolmagam ahmal. Suwuň ýüzündäki çeňňegiň agaç bölejigine seredip oturmak üçin kalbyň Ýuwaş ummany ýaly giň bolmaly. Balyk geler welin, çeňňegiň ujundaky ýagyş gurçugyny iýmäge başlar. Eý-ho, şol pursat oturan ýeriňden galkyjaklap, ýüregiň gürsüldisi birhili güýçlenip başlaýandyr görseň. Ýöne ýüregim juda ýuka bolansoň, çeňňegime ilen balygy elime alyp birsellem synlaýan-da, ony ene ýaba goýberäýmäm bar. Kerim bilen Söhbet dagy başlaýarlar onsoň: «Balyk tutmaga geldiňmi ýa-da goýbermäge?» diýşip.

Eneme

Bu gün ýene ýetip barýan ýanyňa,Oturansyň düşäp gülli keçäni.Umytly gözleriň dikip ýoluma,Garaşýansyň gözden salman köçäni. Nesip, ýetip barsam sanly sagatdan,Basmarlaýan garrylykdan goraryn.Sen menden öňürti, men bolsa sendenÖňürtiläp ahwalyňy soraryn.

Bahar geldi ilime

Ýakynda 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde bölümçeleriň we serhet galalarynyň arasynda «Bahar geldi ilime» ady bilen diwar synlamalary boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige gatnaşan, çeper döredijilik bilen meşgullanýan harby gullukçylar öz çeken suratlarynda ajaýyp bahar paslyny, gurlan altyganat ak öýi, zenanlar tarapyndan türkmeniň milli tagamlary bolan pişmäniň we semeniniň taýýarlanyp durlan pursatlaryny beýan etdiler. Adyndan hem belli bolşy ýaly, geçirilen bu bäsleşik gullugymyzyň durmuşynda watançylyk ruhunyň dabaralanmasynyň nobatdaky görkezijisi boldy.

Aşgabat!

Gözel görküň arzuwlarmyň tugrasyWysal berdi ak säheriň, Aşgabat!Her binaň binýady bagtyň şuglasy,Ak bagtymsyň, ak şäherim Aşgabat! Ak niýetden boglan ter bägülleriňbilen bezediň sen ömrüň günlerin.Men görküňe aşyk, waspçy dilberiň,Gök asmany päk şäherim Aşgabat!

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

OWADAN BOLÝARYnamlydyr öňe gadamyn urşy,Baharda obamyz owadan bolýar.Ak arzuwlar bilen bezeýip Arşy,Baharda obamyz owadan bolýar. Açýar gapylary baharyň ýeli,Çogjak-çogjak bolýar düzleriň güli,Topraga nur berip daýhanlaň eli,Baharda obamyz owadan bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

USSAT GYJAKÇYNY ÝATLAP... Aýdym-sazy çäksiz söýýän, oňa uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Saz diňe bir sungat bolman, eýsem, Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdir. Saz Gurhanyň süreleri ýaly, adamlaryň ruhuny tämizleýär. Saz bilen medeniýet halklaryň arasyndaky köprülerdir. Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de, öz halkyň sazyny bilmek we ýürekden söýmek, oňa üns berip, gelip çykyşynyň çuňňur gözbaşlaryny öwrenmek möhümdir» diýip, örän jaýdar belleýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan aýdym-saz sungatymyz barha kämilleşip, döwrebaplaşyp, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Häzirki wagtda milli medeni mirasymyzyň pajarlaýan döwründe aýdym-saz sungatymyza has-da uly orun degişli. Has takygy, aýdym-sazyň gudraty, güýji dost-doganlyga, agzybirlige, abadançylyga hem-de ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklara uzaýan, ýol-ýörelgelerimizi rowaçlandyrýan baky bagtyýarlygyň aýdan aýdyň ýoludyr. Aslynda, türkmen halky aýdym-sazyň inçe syrlaryny duýup, syzyp, ondan ruhy lezzet alyp, täsirlenip bilýän halk.

Ýüň saçak

Ilerden gelýän çeşme bir sebäp bilen kesilýär. Ilat göçmekçi bolýar. Her kim goş-golamyny ýygnap, düýelere ýükleýär. Bir oglan ýanyna enesiniň beren ýalňyz saçagyny alýar. Ondan näme üçin diňe saçagy alandygyny soranlarynda, ol şeýle jogap berýär: — Saçagym ýanymda bolsa, rysgyny özi tapar...

Göroglynyň arka dirän daglary

Arka diräp sygyndygym,Goja daglar ýerindemi?(«Görogly» şadessanyndan) Otyr dünýäň özi bilen ýaşytdaş,Göroglynyň arka dirän daglary.Nijeme mertlere bolupdyr syrdaşGöroglynyň arka dirän daglary.

Söz manysy

TEBLE Many ummanyna baý, pikir aňladyş taýdan kämil ene dilimizde at-bedew hem onuň idedilişi, bezelişi bilen baglanyşykly sözler, düşünjeler näçe diýseň bar. «At türkmen üçin hemme zatdyr» diýlişi ýaly, bedewler öten eždat-pederlerimiz we biziň üçin kybla deňelýän atamyzdan soňky mukaddeslik, dogana taý gardaş, uçmaga ganat, münseň Süleýmanyň tagty hasaplanypdyr. Onsoň şeýle ezizlenýän, arzylanýan bedewlerimiz bilen baglanyşykly sözleriň, düşünjeleriň, aňlatmalaryň köp boljagy öz-özünden düşnükli.