Çarwa hekaýatlary

15 Aprel 2021
699

Oda imrinseň...

— Çopan ody diýseler, diýibersinler. Tutaşdyrlyk pisint ýalaň ot-çöpden bir goltuk üýşürip, üstüne-de 3-4 sany jomursak çüýrüntgini atanaklaýyn ataga-da, otlap goýberersiň welin, dünýäň ýaza dönäýer. Salym geçmänkä mis tüňçäň lakyrdap ses edip durandyr. Çaýyň demini almanka ot söneňkirlär. Arkasyna bir garyş çygar çybyk diräp goýan el ýaly ýernanyň kakabam ýetişmez. Ot eýýäm sönüp, küli gaýmalaşyp başlar. Şoňa syn kylyp ýürekse edinip, bokurdagyňy öllärsiň. Şoň bilen çopan odunyň ömri gutarmalydyr — diýip, Çary Halyl täze gelen çolugyna gözüniň gytagyny aýlady.

Nowruz GURBANMYRADOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar