Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

14 Aprel 2021
808

USSAT GYJAKÇYNY ÝATLAP...

Aýdym-sazy çäksiz söýýän, oňa uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Saz diňe bir sungat bolman, eýsem, Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdir. Saz Gurhanyň süreleri ýaly, adamlaryň ruhuny tämizleýär. Saz bilen medeniýet halklaryň arasyndaky köprülerdir. Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de, öz halkyň sazyny bilmek we ýürekden söýmek, oňa üns berip, gelip çykyşynyň çuňňur gözbaşlaryny öwrenmek möhümdir» diýip, örän jaýdar belleýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan aýdym-saz sungatymyz barha kämilleşip, döwrebaplaşyp, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Häzirki wagtda milli medeni mirasymyzyň pajarlaýan döwründe aýdym-saz sungatymyza has-da uly orun degişli. Has takygy, aýdym-sazyň gudraty, güýji dost-doganlyga, agzybirlige, abadançylyga hem-de ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklara uzaýan, ýol-ýörelgelerimizi rowaçlandyrýan baky bagtyýarlygyň aýdan aýdyň ýoludyr. Aslynda, türkmen halky aýdym-sazyň inçe syrlaryny duýup, syzyp, ondan ruhy lezzet alyp, täsirlenip bilýän halk.

Gözel SEÝIDOWA.
Beýleki habarlar