Ýa­kym­ly ökünç

15 Aprel 2021
1169

Günleriň yzygiderli başagaýlygy ara menzil salypdyr. Üst-üstüne münderlenen goşa aýakgaplary gerdeniňde götergiläp ýatyrdyň. Ýa dünýäniň Ýer sahnasynda basgançak keşbini başardygyňça ýerine ýetirişiňmidi?! Ýa-da söbükbasarlaryňa soňky pursada çenli wepalylygyň nusgasymy?! Dogrusy, onçasyn-a bilmedim welin, ýöne köpüň keşigini çekýäne «kişi» diýilýän-ä anyk. Şol kysmatyňa-da kaýyldyň. Egniňde hellewleşip oturanlar-a günde-günaşadan tämizlenip duruldy. Şonda-da, ne göze ildiň, ne-de ýatlanyldyň. Tersine, «Zibile zyňaýmaly ekeniňiz» diýen teýeneli söze-de galdyň. Diş çykarjak çaga ýaly, ahmyrdan dilimi çeýnedim, emma «söz agyzdan çykansoň, özüňki däl» ahyr. Nämüçindir dury pikirleri tozga ýaly tozadyp, şahyryň:

Ilkinji ädimler bolsa-da şowsuz,
Indiki ädimler bolmaýar şonsuz

Meýlis GARAJAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby, «Diýar».
Beýleki habarlar