"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Egrigüzeriň oýunda (hekaýa)

Ogulsabyr ýeňňe adamsynyň soňky wagtda nirä ýörese uly ogluny ýanyndan galdyrman ýörmeginiň sebäbine şu gün düşünip galdy. Nurmyrat aga bu günler argyşa gitmäge taýýarlyk görýärdi. Sanasaň ýaşaýjylary bäşden kän bolsa-da, güzeriň ilersinde hatar oturan syrgyna bäşöýlüler diýilýärdi. Üç-dört ýyllykda derýa daşyp, onuň uly şahalarynyň biri hanasyndan çykdy-da, golaý ýerleri suw basdy. Akym ugrunyň töwereginde ir döwürden bäri ýaşap oturan ilatyň uly bölegi seýrek bolýan şol tebigy hadysadan soňra giň obanyň çar tarapyna dagamak bilen boldy. Gün-güzerany ekin-dikin bilen bagly bolan ilat täze ýurtlaryny-da suwdan daşda tutup bilmediler. Gözbaşy derýanyň gaýraky şahalarynyň birinden gaýdýan güzer giň hanaly esasy akym ugry oýda ýerleşip, aýagy ekinzarlyklara baryp direýärdi. Ol ýerler oturymly obanyň gaýra çetlerine degişlidi. Ýaýraw oturan obanyň bu bölegine Egrigüzeriň oýy hem diýilýärdi.

Halallyk (hekaýa)

Ataş öz ýygnan otlarynyň üstüne Jojy agalardanam mekgejöwen palajyny aldy. Mallar bu oty ylaýta-da, ýagyş-ýagmyrly günlerde diýseň işdämenlik bilen iýýärler. Şol günler olar süýdi-de kän berýärler. Ýöne Jojy aganyň özümi, ogullarymy, garaz, howlugypdyrlarmy, nädipdirlermi, palaçlarda alynmadyk mekgejöwen golçasy duşýardy. Ataşyň aýaly Jeren sap-sary altynsow däneli golçalary ýörite bir demir gaba ýygnap ugrady.

Pyhy Tagan diýlende

ýyl­gy­ra­ny­ňy duý­man gal­ýar­syň Mundan alty-ýedi asyr ozal belli fransuz satiraçysy Fransua Rable: «Sagdyn halk gülküsiz oňup bilmez» diýip belläp geçipdir. Rast aýdylan sözler. Aslynda gülkini halamaýan beri barmyka? Çagalaram şonuň yşkynda, ulularam.

Edebiýata bagyşlanan ömür

Osman Ödäýew diýilse türkmen edebiýatynda öz zehini, başarnygy, ýürekdeşligi bilen yz goýan ussat ýazyjy göz öňüňde janlanýar. Ol hemmeler bilen mähribandy, mylaýym gürleşerdi. Bu bolsa onuň adamkärçiliginiň belentligindendi. 1977-nji ýylda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň baş redaktory Kerim Gurbannepesow: «Döredijilik meýdanyna aralaşsaň gowy bolar» diýip, meni korrektorlyga işe kabul edipdi. Osman bolsa 1979-njy ýylda şol wagtky «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda korrektor bolup işe başlapdy. Ikimizem korrektor bolup işleýänimiz üçin, gabat gelse maňa degşerdi:

Ylhamly dünýäniň bendiwany

Dag säherleriniň zynaty bolup şuglalanýan nurly Güni ençe gezek ak arzuwlary bilen garşylan ýigidiň kalbyndaky duýgudyr oýlary ony ýygy-ýygydan galama ýapyşmaga, köňlünde şinelän pikirlerini kagyza geçirmäge mejbur edýärdi. Çagalykdan saýlanyp, jahyllyga ýeten uçurlary Seýitgulynyň serine şygyrmy, kyssamy, garaz, dür dänesi deýin öz-özünden akyp gaýdýan pikirler gelip başlady. Ýigit özüniň ykbalynyň galama baglananyny duýdy, özem ýazmasa, kalbyny egismese, ýaşap bilmejekdigine anyk göz ýetirdi. Şonuň üçinem mährem käbesine, eziz kyblasyna žurnalist bolmak isleginiň bardygyny çekine-çekine mälim etdi. Ene-atasy ilkibada bu oslagsyz pikire erk beren ogullaryna näme diýjegini bilmän, kürtdürip duranam bolsalar, mydama elinden kagyzdyr galam düşmeýän jigerbendiniň hyýaly bilen bir hörpden gopup başladylar. Şeýlelikde, 1960-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Hojagala obasynda dünýä inen Seýitguly Geldiýew 1978-nji ýylda obasyndaky 11-nji orta mekdebi tamamlap, şol ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetine okuwa girýär we 1981-nji ýylda okuwyny Moskwa şäherindäki M. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde dowam etdirýär. 1984-nji ýylda ady agzalan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, žurnalist hünärini ele alýar. Şondan bäri ýurdumyzyň milli teleradioýaýlymlarynda, gazet-žurnallarynyň redaksiýa

Gülküde gülüň ysy bar

Hezreti Magtymguly «Aýyň ýagşysyn» diýen goşgusynda: Aklyň bolsa,               abyraýly kişiniň,Ýamanyn örtübän,               ýaýyň ýagşysyn —

Şahyrana setirlerdäki miras

Magtymguly Pyragynyň hut özüniň «Magtymguly sözüm gysga, şerhi köp» diýşi ýaly, onuň şygyrlaryny okanyňda akyldar şahyryň okumyş adam bolandygyna göz ýetirip bolýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy şygyrlaryna türkmeniň milli häsiýetini siňdirenligini görmek bolýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halk döredijiliginden sünnäläp, okyjylara serpaý ýapan «Paýhas çeşmesi» diýen kitapda şeýle beýan edilýär: «Nakyllaryň many örüsi, ýerine ýetirýän hyzmaty giň, şonuň üçin hem şahyrlar öz eserlerinde olara has köp ýüzlenýär. Köpmanyly, ýokary mazmunly nakyllar ähli döwürlerde akyldarlaryň, çeper söz sungaty bilen iş salşan beýik söz ussatlarynyň hemişe üns merkezinde bolupdyr. Ýusup Balasagunly, Ahmet Ýognakly, Nowaýy, Fuzuly, Andalyp, Azady, Magtymguly, Gaýyby, Şeýdaýy, Magrupy, Şabende, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji, Misgingylyç ýaly söz ussatlary ertekilerden we rowaýatlardan, nakyllardan we parasatly sözlerden döredijilikli peýdalanyp ajaýyp miras döredipdirler». Şol nukdaýnazardan seredip, Magtymguly Pyragynyň «Jan içinde» diýen şygryna ser salyp, manysyny tiresimiz geldi. Bu şygryň her bir bendinde taryhy wakalar, tymsaldyr rowaýatlar öz beýanyny tapypdyr. Şygryň başyny akyldar şahyr şeýle başlaýar:

Hakyda siňen ýatlamalar

Suratda: (öňdäki hatarda sagdan çepe) Nurgeldi Çakanow, ­Ogsoltan Güjiýewa (häzirki familiýasy Myradowa), Pyhy Tagan, Hydyr Derýaýew, Nurgözel Gozlyýewa, Ogulsoltan Kuwwadowa (häzirki familiýasy Geldimämmedowa), (yzky hatarda sagdan çepe) Durdymuhammet Halmyradow, Amangeldi Amanow, Italmaz Nuryýew, N. Soltanmämmedow, Nazly Tuwakgylyjow, Anna Gurtgeldiýew, Döwletmyrat Nuryýew, Meret Bakyýew. 1970-nji ýylyň oktýabr aýynda Balkanabat şäherindäki (öňki Nebitdag) 13-nji orta mekdepde ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy geçirilipdi. Oňa halypa ýazyjylardan Hydyr Derýaýew, şol wagtky Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň edebi konsultanty, şahyr Anna Gurtgeldiýew we tanymal şahyr Italmaz Nuryýew dagy gatnaşypdylar. Olar edebiýat, görnükli halypalar hem-de ýaşlaryň döredijiligi hakda täsirli söhbetler edipdiler. Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň edebiýat, çeper döredijilik babatdaky sowallaryna jogap beripdiler. Halypa şahyrlaryň okap beren şygyrlary uly höwes bilen diňlenilipdi.

Şygyr ussahanasy

Şygyr çeper edebiýatyň ajaýyp görnüşleriniň biridir. Ol şahyrdan doga zehinliligi, aňrybaş ussatlygy talap edýär. Eger-de şahyryň zehinlilik derejesi pes, ussatlygy telper bolsa, onda ol şygyr dünýäsini baýlaşdyrjak, okanlaryň akylyny haýran etjek kämil eserleri döredip bilmeýär. Elbetde, şygyr ýazmak bilen meşgullanmaga islendik kişiniň haky bardyr. Ýöne öz ýazan zadynyň näderejededigini bilmek üşügi welin, hemmelere berilmändir. Käbir ussat şahyrlar öz täze ýazan şygryna «oňuşmazça däl», «orta tap», «oňat», «aňrybaş oňat» diýlen ülňülere laýyklykda dessine baha kesmegi başarypdyr. Belli rus şahyry A. Puşkinde hem şeýle başarnygyň bolandygyny, ondan miras galan golýazmalaryň gyralaryna eden joşgunly bellikleri tassyklaýar. Ýazyp oturan goşgusyny soňlan dessine onuň ajaýypdygyny aňşyryp başaran şahyr özüne özi buýsanmak bilen «Aý, berekella Puşkin! Zaluwatjyk diýsänim! Sen zor!» diýip, golýazmanyň gyrasyna ýüzugra ýazypdyr.

Halypa-şägirtlik ruhy gymmatlygymyzdyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny, halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň ruhy kämilligini üpjün etmekde gymmatly eserleri döreden akyldarlarymyzyň atlary şöhratlandyrylýar. Beýikleriň hatarynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hatyrasy belent tutulýar hem-de akyldaryň halypalyk mekdebine eýerilýär. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň biri-de halypa-şägirt gatnaşyklarydyr.Hünärli bolmak we hünäriňe ussatlyk derejesinde erk edip bilmek barada ata-babalarymyz: «Ýüz hünäri çala bilenden, bir hünäri doly bil», «Hünäri öwren-de, ýigren», «Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär», «Ylymsyza hünär ýok, hünärsize guwanç ýok» diýen nakyllary döredipdirler. «Halypa görmedikden halypa çykmaz», «Ussatdan ussat dörär» ýaly pähimleri döreden pederlerimiz ylma, sungata, haýsy-da bolsa bir işe örküni baglamagy maksat edinen adama «Halypa görmän, pirden pata alman, bu käre baş goşma!» diýip, maslahat beripdirler. Olar şägirtleriň bilmeýänlerini halypasyndan soramagyň möhümdigini «Sorap öwrenen alym, soramadyk özüne zalym» diýen pähimiň üsti bilen öwredipdirler.

Perzentleriň ýürek buýsanjy

Seýrandyr, reýhandyr, heýjandyr daşyň,Dik bolsun aň bezän akylly başyň.Kesgidini bermen ýaşajak ýaşyň,Ýüzleň güzerinde ýüzgül, kakam jan! Abraýydyr asylly, aňyrly yzyň,Ineriňde, didäm, kuwwaty dyzyň,Eşitseň, diň salsaň gyzlaryň ýüregiŞeýdaýy bagyňda bilbil, kakam jan!

Mälikguly BERDIMUHAMEDOW

Uruş bolmasyn! Ähtiýalan duşman çozdy Watana —Weýran boldy ençe şäher-obalar.Atalar gitdiler söweş meýdanna, Ýetim galdy ýüzläp-müňläp çagalar.

Göreşip bilýäne ömür gutarmaz

Ýyllar geçdi,                        ýonup-ýonup igleden,Labyryny aňsat-aňsat sowmady.Kaýyllyga gelen karar nireden?!Bu ykbalyň maňa beren sowgady. Gowy zat, öňünden bilmänligimem,Bagtyna ýüregiň çydam edişin?!Emrimi elenmä bermänligimem,Özüm diňläp,                         özüm diňdim endişin.

Duýguly dünýä

ÝAN, ÝÜREK! Duşdy ýürekBiribaryň gursagaSalan wagty maýyl eden sazyna.Görsene,Arşda çalnan şol mukamZeminde ýaňlanýar gyzyň keşbinde,Ýan, ýürek,Lowla sen onuň yşkynda!Ýar bu dar gursagy,Çyk sen daşyna,Ýeter şunça bendilikde ýatanyň.«Söýgi ýeke gezek duşýar,GalanyÖýkünme» diýilýär,Gör,Seni TaňryNeneňsi ýalkapdyr,Ilki söýgiňiAlnyňa çykaryp Gyzyň keşbinde!Ýan, ýürek,Lowla-da ataşyň bilenZemini telbe kyl arşyň yşkynda!

Şygryýet çemeni

YŞK I

Şygryýet bossany

ÖZÜMDEN GEÇIP... Bimaza ederin näzik ruhuňy, Mahmal sözleň bile yşkymy gandyr.Baharlaşan mähriň siňdi süňňüme,Şine men,Söýginiň çigdini ýardym.

Ylham joşguny

BITEWÜLIK Ýolaýrytda ýollarymyz biriger,Bersek, ýalňyz aýralygyň talagyn.Eger yşkyň dünýesinde azaşsam,Ýüzümden däl, ýüregimden tanagyn.

Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Türkmenistanyň Gahrymany Mälikguly Berdimuhamedowyň pentlerinden

Watan söýgüsiniň iňňän kiçijik zatlardan başlanýandygyny unutma! * * *

Nura baýsyň, dolan Aýsyň, Awaza!

Düýn ýalydy, Arkadagyň bu ýerdeAwazanyň düýbün tutan günleri.Düýn ýalydy bu möwç urýan kenaryňHossara garaşyp ýatan ýyllary. Bu gün bolsa hoş owazly kenarda,Müňbir öwüşginli durmuş gaýnaýar.Gursagyňy ýaryp barýar şatlygyň,Gözellige bakyp gözüň doýmaýar.

Ylhamy zyýada kitaphanaçy

Suratda: kitaphanaçy Annatuwak Kakaýewa (ortada) işdeşleri bilen. Men bu zenany çärýek asyr wagt bäri tanaýaryn. Ony ilkinji gezek mundan 25 ýyl öň «Owadan» (häzirki «Zenan kalby») žurnalynda işe başlap, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna iş sapary bilen gidenimde görüpdim. Dogrusy, Daşoguz welaýaty, onuň goýnunda ýerleşýän keramatly ýerler, gadymy ýadygärlikler barada öň köp eşidenem bolsam, bu topraga ilkinji gezek barşymdy. Şonuň üçin iş saparyny nireden we nähili başlamalydygy barada gürrüň bolanda, elbetde, ilki bilen, gadymy Köneürgençden başlamagy saýlapdym. Bu gadymy şäherde bizi etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Annatuwak Kakaýewa garşy alypdy. Ol şonda meýilleşdirilen işlere başlamazdan ozal keremli toprakda ýatan üç ýüz altmyş pirleriň aramgähine zyýarat etdirdi. Şondan soň döwlet derejesinde geçirilen medeni çäreleriň, baýramçylyk konsertleriniň, Medeniýet hepdelikleriniň, festiwallaryň köpüsine bu mähriban zenan bilen gatnaşmak miýesser etdi. Onuň bilen gadyrly gatnaşyklarymyz dowam edip, Daşoguza ýolum düşse, belent adamkärçiligi, myhmansöýerligi, ajaýyp şygyrlary, gyzykly gürrüňleri bilen özüne çekýän Annatuwagy görmän gaýtmazlyga çalyşýaryn.