Şahyrana setirlerdäki miras

12 Awgust 2024
102

Magtymguly Pyragynyň hut özüniň «Magtymguly sözüm gysga, şerhi köp» diýşi ýaly, onuň şygyrlaryny okanyňda akyldar şahyryň okumyş adam bolandygyna göz ýetirip bolýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy şygyrlaryna türkmeniň milli häsiýetini siňdirenligini görmek bolýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halk döredijiliginden sünnäläp, okyjylara serpaý ýapan «Paýhas çeşmesi» diýen kitapda şeýle beýan edilýär: «Nakyllaryň many örüsi, ýerine ýetirýän hyzmaty giň, şonuň üçin hem şahyrlar öz eserlerinde olara has köp ýüzlenýär. Köpmanyly, ýokary mazmunly nakyllar ähli döwürlerde akyldarlaryň, çeper söz sungaty bilen iş salşan beýik söz ussatlarynyň hemişe üns merkezinde bolupdyr. Ýusup Balasagunly, Ahmet Ýognakly, Nowaýy, Fuzuly, Andalyp, Azady, Magtymguly, Gaýyby, Şeýdaýy, Magrupy, Şabende, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji, Misgingylyç ýaly söz ussatlary ertekilerden we rowaýatlardan, nakyllardan we parasatly sözlerden döredijilikli peýdalanyp ajaýyp miras döredipdirler».

Şol nukdaýnazardan seredip, Magtymguly Pyragynyň «Jan içinde» diýen şygryna ser salyp, manysyny tiresimiz geldi. Bu şygryň her bir bendinde taryhy wakalar, tymsaldyr rowaýatlar öz beýanyny tapypdyr. Şygryň başyny akyldar şahyr şeýle başlaýar:

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar