Hakyda siňen ýatlamalar

12 Awgust 2024
116

Suratda: (öňdäki hatarda sagdan çepe) Nurgeldi Çakanow, ­Ogsoltan Güjiýewa (häzirki familiýasy Myradowa), Pyhy Tagan, Hydyr Derýaýew, Nurgözel Gozlyýewa, Ogulsoltan Kuwwadowa (häzirki familiýasy Geldimämmedowa), (yzky hatarda sagdan çepe) Durdymuhammet Halmyradow, Amangeldi Amanow, Italmaz Nuryýew, N. Soltanmämmedow, Nazly Tuwakgylyjow, Anna Gurtgeldiýew, Döwletmyrat Nuryýew, Meret Bakyýew.

1970-nji ýylyň oktýabr aýynda Balkanabat şäherindäki (öňki Nebitdag) 13-nji orta mekdepde ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy geçirilipdi. Oňa halypa ýazyjylardan Hydyr Derýaýew, şol wagtky Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň edebi konsultanty, şahyr Anna Gurtgeldiýew we tanymal şahyr Italmaz Nuryýew dagy gatnaşypdylar. Olar edebiýat, görnükli halypalar hem-de ýaşlaryň döredijiligi hakda täsirli söhbetler edipdiler. Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň edebiýat, çeper döredijilik babatdaky sowallaryna jogap beripdiler. Halypa şahyrlaryň okap beren şygyrlary uly höwes bilen diňlenilipdi.

Ogsoltan MYRADOWA,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar