Şygyr ussahanasy

12 Awgust 2024
123

Şygyr çeper edebiýatyň ajaýyp görnüşleriniň biridir. Ol şahyrdan doga zehinliligi, aňrybaş ussatlygy talap edýär. Eger-de şahyryň zehinlilik derejesi pes, ussatlygy telper bolsa, onda ol şygyr dünýäsini baýlaşdyrjak, okanlaryň akylyny haýran etjek kämil eserleri döredip bilmeýär.

Elbetde, şygyr ýazmak bilen meşgullanmaga islendik kişiniň haky bardyr. Ýöne öz ýazan zadynyň näderejededigini bilmek üşügi welin, hemmelere berilmändir. Käbir ussat şahyrlar öz täze ýazan şygryna «oňuşmazça däl», «orta tap», «oňat», «aňrybaş oňat» diýlen ülňülere laýyklykda dessine baha kesmegi başarypdyr. Belli rus şahyry A. Puşkinde hem şeýle başarnygyň bolandygyny, ondan miras galan golýazmalaryň gyralaryna eden joşgunly bellikleri tassyklaýar. Ýazyp oturan goşgusyny soňlan dessine onuň ajaýypdygyny aňşyryp başaran şahyr özüne özi buýsanmak bilen «Aý, berekella Puşkin! Zaluwatjyk diýsänim! Sen zor!» diýip, golýazmanyň gyrasyna ýüzugra ýazypdyr.

Hemra ŞIR
Beýleki habarlar