"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Dillerde ajaýyp eseriň waspy

Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, pähim-paýhaslylyk, edep-ekramlylyk türkmen zenanlarynyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli aýratynlyklardyr. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, Tug ýaly belende göterilýär. Zenanlarymyzyň süňňüne siňen bu milli häsiýetler, aýratynlyklar arkaly ýaş nesilleriň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize, şu günümize buýsanç, geljegimize ynam terbiýelenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyz ene-mamalarymyzdan gelýän bu aýratynlyklary ýaş nesliň kalbyna guýmakda, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinden ugur alýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem halkymyzyň geçmişi, milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ýol ýörelgelerimiz, şöhratly taryhymyzy şu günlerimiz bilen baglanyşdyrýan wakalar çeperçiligiň ýokary nusgasynda beýan edilýär. Eziz Arkadagymyzyň ajaýyp eserini halk köpçüliginiň, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz etmekde geçirilýän dürli çärelerdir bäsleşikler bolsa uly ruhubelentlige beslenýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 4-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Ajaýyp, ýalkawly bu mekanlara diň salsaň, ondan, hakykatdanam, parahatçylyk hakyndaky ebedi arzuwlaryň sedasy eşidiler. Dünýä taryhynda öçmejek ýazgy galdyran Nusaý şalygynyň gadymy topragynda, häzir III müňýyllygyň başynda döwrüniň beýik taglymatlaryna ygrarly, dünýäde giňden meşhur bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň kalbynyň toýdugyny, şatlykdygyny, barlykdygyny, baýramdygyny bir gezek däl, onlap-ýüzläp gaýtalaýandyryn, gaýtalarynam.

Dogana gadyr bar, dostluga — sarpa

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we ýurduň asudalygyny, parahatçylygyny, döwletiň berkararlygyny, ilatyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgeleri hemişe rowaçlyga eýe bolupdyr. Asylly maksady nazarlaýan şol ynsanperwer ýörelgeler nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ynsanlaryň, halklaryň biri-birine ýakynlaşmagynda, dostlaşmagynda, doganlaşmagynda, ýurtlaryň dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Arkalaşan dag aşar» diýlişi ýaly, arkalaşyk ösüşe ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen halky agzybirlige, dostluga, doganlyga aýratyn sarpa goýýar. Muňa halkyň paýhas çeşmesiniň dürdänelerine nazar aýlanymyzda-da, olaryň many-mazmunyny tirenimizde-de aýdyň göz ýetirýäris. Olarda beýleki ynsanperwer, asylly häsiýetler bilen birlikde abadan, asuda, bagtyýar durmuşy, parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan hem-de ilkinji zerurlyk hasaplanylýan agzybirlik, dostluk, doganlyk, arkalaşyk, özara sylanyşyk ündelýär. Şeýle asylly we ynsanperwer häsiýetleri ruhy-medeni gymmatlyklar arkaly ündeýän halkymyzyň özünde şol häsiýetleriň jemlenendigi mälim, aýan hakykat.

Bitaraplyk we parahatçylyk — Türkmenistanyň dünýäde baky oňlanýan teklibi

Halkara habar beriş jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň XXI asyryň 21-nji ýylyny dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürýän taryhy ähmiýetli wakalara besleýändigi barada dürli žanrdaky täsirli çykyşlary berýärler. Munuň sebäbi bolsa döwrüň ýüze çykarýan hakykatlary bilen bagly. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz turuwbaşdan halkara derejeli wakalara beslendi. Wakalaryň bütin dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginiň ähmiýetini artdyrýan mazmun bilen beslenmegi, şeýle çykyşlaryň dünýä dolmagynyň sebäpleri hökmünde beýan edilýär.

Aşgabat — binagärligiň täsin nusgasy

Türkmen halky işjeňligi, zähmetsöýerligi, erjelligi bilen dünýäde özüni tanadan halkdyr. Köşkdür binalary, ýoldur köprüleri gurmakda geljekki nesillere nusgalyk miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty bilen häzirki zaman ülňüleriniň özara sazlaşygyndan emele gelen nurana binalaryň gurulmagy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, yzygiderli senagatlaşmagy ata Watanymyzyň ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini Aşgabadyň ýurdumyzyň iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik syýasy merkezine öwrülmeginiň, bu ýerde uly medeni, döredijilik, intellektual mümkinçilikleriň jemlenmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ak mermere bürenen paýtagtymyzyň ençeme desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, soňky ýyllarda ylym-bilimiň, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde mertebesiniň ýokarlanmagy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasadyndan gözbaş alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, ýurdumyzyň ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň döwrebap gözelleşmegi, abadanlaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» paýtagtymyzy özgertmekde hil we mazmun taýdan täze derejäniň, öňdebaryjy halkara tejribäniň gazananlarynyň, iň kämil innowasiýalaryň üpjün edi

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Meýlis ATAÝEW,Aşgabat şäher gümrükhanasynyň gümrük statistikasy bölüminiň kiçi gözegçisi, uly leýtenant: — Milli Liderimiziň tagallalary bilen häzirki wagtda halkara söwda ugurlarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Umumadamzat ähmiýetli tagallalar : daşary syýasatda baş ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan tutumly işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, onuň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilmegine ýardam edýär. Hemişelik Bitaraplyk hemişelik parahatçylykdyr, goňşy döwletlerde, tutuş dünýä ýüzünde syýasy durnuklylygyň kepilidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bitaraplyk we parahatçylyk diýen düşünjeler bölünmezdir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda doly göz ýetirmek bolýar. Bu kitapda bellenilişi ýaly, türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen, öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygy, «Ähdi-peýman şertnamasy» diýlip atlandyrylýan halkara şertnamalaryny baglaşandygy bellidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara guramalarynyň, şol sanda dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýän Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryna goşulmagy, şol işleri sebitde durmuşa ornaşdyrmagy, parahatçylyk söýüjilikli Harby doktrinasy, goňşy döwletlere ynsanperwer kömekleri Watanymyzyň öňküden hem gülläp ösmegini, türkmen halkynyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyny kepillendirdi. Türkmenistan Watanymyzyň öňe süren hemişelik Bitaraplyk syýasaty t

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideomaslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2016-njy ýylda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýeti nygtaldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

2.MALIÝE-YKDYSADY TOPLUM Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan häzirki wagt dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi.

Parahatçylyk we ynanyşmak

Türkmenistan Watanymyzyň daşary we içeri syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgeler Islendik döwlet, islendik halk, islendik adam parahat durmuşy, abadan ýaşaýşy ähli zatdan gymmatly hasaplaýar. Çünki parahatçylyk we abadançylyk gülläp ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Parahatçylyk söýüjilik müňýyllyklaryň dowamynda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beren halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biridir. Dosta wepalylyk, borja ygrarlylyk, goňşa mähribanlyk, myhmana sarpa goýmak her bir türkmeniň ganyna siňendir.

Parahatçylygyň we ösüşiň kepili

Dünýä ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde tanalýan, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşýan buýsançly pursatlar, taryhy wakalar, oňyn ösüş-özgerişler bu mukaddes toprakda ömür sürýän, azat-erkin zähmet çekýän raýatlaryň eziz Watanymyza bolan mähir-söýgüsini artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzdaky syýasy-ykdysady ösüşler, medeni-ruhy galkynyşlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletli tutumlary amala aşyrýan agzybir il-halkymyzyň, berkarar Diýarymyzyň şu gününiň bagtyýarlygyndan, geljeginiň has-da röwşen hem nurana boljagyndan habar berýär. Asyrlar aşyp gelýän halallyk, sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly gyzyldan gymmatly gylyk-häsiýetlerimiz durmuşymyza çuňdan kök urup, ynsan gatnaşyklarynda esasy ýol-ýörelgelerimize öwrüldi. Türkmenistan ysnyşykly hem işjeň gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek isleýän daşary döwletleriň wekilleriniň, işewürleriniň gelim-gidimli ýerine öwrülip, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy goramaga, asudalygy üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýan ýurt hökmünde uly abraý-mertebä eýe boldy. Daşary döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn oňaýly, peýdaly hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga çalyşýan ýurdumyzdaky özgerişler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Parahatçylygyň we rowaçlygyň daýanjy

Türkmenistan Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Geçen döwür, gazanylan tejribe, taryh muny doly subut etdi. Milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň halkara derejede gyzgyn goldaw tapýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýan türkmen döwleti Ýer ýüzünde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman halkara ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşýar.

MIlli Demokratiýa rowaç alýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy we ýiti öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzda hukuk ulgamyny, aýratyn-da milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize we ösen dünýä tejribesine laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Parlamenti iki palataly ulgama geçdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyndan ugur alnyp, ýurdumyzda täze döredilen palatanyň, ýagny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda birinji saýlawlary geçirilýär. Öňde duran saýlawlara häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu möhüm ähmiýetli syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2020-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Kämil jemgyýetiň binýady

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geňeşi bilen bilelikde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler zalynda «Zenan edebi — sagdyn  jemgyýetiň binýady» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Şäheriň edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy zenanlarynyň, mährem eneleriň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlarynda we dürdäne eserlerinde beýan edilýän kämil ruhy-ahlak ýörelgelerini aýal-gyzlaryň arasynda giňden wagyz-ündew etmeklige bagyşlandy.  Çärede berkarar ýurdumyzda ene sarpasynyň mukaddeslik derejesine göterilendigi, milli ýörelgelerimize eýerýän gender deňligi syýasaty esasynda gyz-gelinleriň jemgyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekmäge hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň bardygy barada gürrüň edildi. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyz ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde, sagdyn nesli kemala getirmekde göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýarlar, olar medeniýetde, oba hojalygynda, telekeçilikde öz ussatlyklaryny görkezýärler, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda meşhurlyga eýe bolýarlar diýip, aýratyn bellediler. Şeýle-de, asyrlaryň dowamynda türkmenleriň maşgala ojaklarynyň adamkärçilik, ahlak, edep, görüm-görelde mekdebi bolup, olarda nesiller üçin nusga alarlyk arassa, päk terbiýe ýörelgeler

Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

Şeýle at bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli kärde zähmet çekýän hünärmenler, ýaşlar gatnaşdylar. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmak, olarda ata-enäni, ulyny sylamak, lebzihalallyk, ynsaplylyk, ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemek hem-de ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna we jemgyýete ýetirýän zyýanyny düşündirmek maksady bilen geçirilen çärede edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermelidigi ündeldi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 2-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň käbiri wideoaragatnaşyk hyzmatyndan peýdalandylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň jemlerini jemläp, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, biz 2020-nji ýylda özümiziň joşgunly zähmetimiz bilen milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini gazandyk we halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna döwlet ähmiýetli köp sanly başlangyçlara badalga berdik diýip belledi. 2020-nji ýylda Türkmenistanda ulanylmaga berlen köp sanly durmuş we önümçilik maksatly täze desgalardan başga-da, sebit söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk goşulyşmagyna gönükdirilen halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirildi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 1-nji fewral (TDH). Şu gün sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrler derejesinde geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Oman Soltanlygynyň daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi gatnaşdy.

Mukaddes ýörelgeleriň rowaçlanmagy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda türkmen halkyna täze üstünlikler, rowaçlyklar ýar bolýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrýan we halkara abraýyny belende göterýän taryhy wakalar biziň her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşup, ata Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga, özara ynanyşmak esasynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu ajaýyp ýylda halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagy, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly özboluşly milli häsiýetlerimiziň bütin dünýä nusga bolmagy bizi çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň, halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir.