Parahatçylygyň we rowaçlygyň daýanjy

3 Fewral 2021
1408

Türkmenistan Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Geçen döwür, gazanylan tejribe, taryh muny doly subut etdi. Milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň halkara derejede gyzgyn goldaw tapýandygy aýratyn buýsandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýan türkmen döwleti Ýer ýüzünde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman halkara ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşýar.

Mährijemal HAPYZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar