Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

3 Fewral 2021
1463

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň jemlerini jemläp, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, biz 2020-nji ýylda özümiziň joşgunly zähmetimiz bilen milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini gazandyk we halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna döwlet ähmiýetli köp sanly başlangyçlara badalga berdik diýip belledi.

2020-nji ýylda Türkmenistanda ulanylmaga berlen köp sanly durmuş we önümçilik maksatly täze desgalardan başga-da, sebit söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk goşulyşmagyna gönükdirilen halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirildi.

(TDH).
Beýleki habarlar