Baky bagtyň nusgasy
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ösüşiň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň abraýy barha artýar. Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk, halkara hukugynyň kadalaryna berk eýermek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolan 71-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi taryhy waka boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijeliligini subut etdi. Türkmenistanyň daşary syýasaty beýleki döwletler bilen hoşniýetli dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.