Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralar

1 Dekabr 2022
713

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni giňden dabaralandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri golaýda Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdepde etrap häkimliginiň etrabyň medeniýet bölümi, syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk — parahatlyk binýady» ady bilen geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri Kuwat Mämmedow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakamyrat Saýaýew, mährem ene, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Täzegül Aýnazarowa, etrapdaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Dürli Öräýewa dagy çykyş edip, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň esasynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň bu günki gün dünýä jemgyýetçiligini bir maksatda jebisleşdirýän bitewi güýje öwrülendigini belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçlarynyň esasynda häzirki wagtda Bitarap Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlyk saklaýan döwletleriň hem-de halkara guramalaryň sanynyň barha artýandygy uly buýsanç bilen bellenildi.

Beýleki habarlar