Asuda Watanda hünäriň waspy

3 Dekabr 2022
686

Berkarar döwletimiziň bitaraplyk syýasaty umumadamzat ösüşiniň häzirki döwründe bütin dünýäde ykrar edilýän, goldanylýan döwletlilik ýoludyr. Çünki dünýäde parahatçylykly ösüşi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek halkara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde orta çykýar.

Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ýörite Kararnama bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň ähli ösüş ugurlarynda parahatçylykly gatnaşyklara gönükdirilendir. Bitaraplygyň ynsanperwerlik ruhy ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş, dostlukly döwlet hökmündäki at-abraýyny belende galdyrýar. Berkarar döwletimiziň tutýan ýoly, alyp barýan syýasaty hakda çuňňur düşünje bermek üçin Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda-da ykdysadyýetiň we dolandyryşyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlara terbiýe bermäge, olary geljekde Watanymyzy ösdürmekde oňat taýýarlykly hünärmenler edip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk baýramynyň şanyna guralýan her bir dabaranyň, medeni-köpçülik çäreleriň many-mazmuny hem hut şu maksada gönükdirilýär.

Akmaýa ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar