Arkadagyň altyn taglymaty

3 Dekabr 2022
766

(Publisistik oýlanmalar)

Taglymaty döwrüň, döwür bilen baglanyşykly wakalaryň, pikir-oýlary ýüreginde göterýän juda kämil şahsyýetleriň döredýändigi bireýýämlerden bäri mälim. Şeýdibem ählihalk, umumadamzat derejeli filosofiýa kemala gelýär. Biz Halkara Bitaraplyk gününiň bosagasynda öz döwrümize mahsus wakalar, dünýä ösüşinde Türkmenistanyň orny, milli Lider, biziň günlerimizde Gahryman Arkadag hökmünde döwletiň abraý-mertebesini dünýäniň geosyýasy giňişligine çykarmakda özboluşly taglymaty döreden hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren, bitirýän hyzmatlary, syýasy, jemgyýetçilik, ruhy-ynsanperwer filosofiýasy hakda gürrüň etmekçi. Elbetde, juda giň syýasy düşünjeli, döwlet durmuşyna has ýakyn syýasatçylaryň, diplomatlaryň, ylmy jähetden has çuň çemeleşjek alymlaryň bu mesele hakda düýpli gürrüň etjekdiklerine şübhe bolup bilmez.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar