"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 20-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Adaty nar

Bu ösümligiň dünýäde 2 görnüşi bolup, ýurdumyzda bir görnüşi duş gelýär. Ol gury daşlaşan, çagylly ýerlerde we jülgeleriň düýbünde, wagtlaýyn akýan dag çeşmeleriniň ugrunda ösýär. Boýy 1,5-3,5 metre çenli ýetýär. Nar agajy maý aýynda gülläp başlaýar we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Adaty nar tohumy we düýbünden çykan kök ösüntgileri arkaly köpelýär. Oňa ülkämizde deňiz derejesinden 800-1200 metr belent-likde duş gelmek bolýar. Adaty nar 3-4 ýyldan soň miwe berip başlaýar. Ol haýal ösmek bilen, 50-70 ýyla çenli ýaşaýar. Ösümlige Günorta-Günbatar Köpetdagda, Aýderede, Süntde, Hasarda, Ýolderede, Sumbar we Çendir jülgelerinde, Merkezi Köpetdagda, Nohurda, Arçabilde gabat gelinýär. Suwsuzlyga çydamly ösümlik Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilip, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda goralýar. Adaty naryň dermanlyk maksatlary üçin güli, miwesi, gabygy, tohumy çig mal bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde adaty nardan bejeriş serişdesi hökmünde derman taýýarlanylyşy, peýdalanylyşy barada giňişleýin gymmatly maglumatlar berilýär.

Bähbitli tagallalaryň ak ýoly

Hormatly Prezidentimiz gözel tebigatymyzy goramaga, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmaga, häzirki wagtda günsaýyn gözelleşýän gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini saklamaga gönükdirilen wezipelere uly üns berýär. Şeýle hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine-de uly ähmiýet berilýär. Adamzat gadymy döwürlerden bäri tebigaty hemmetaraplaýyn gorap saklamak we onuň tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak barada dürli çäreleri amala aşyryp gelipdir. Adamzat jemgyýeti tebigat bilen özara gatnaşygynyň häsiýetini üýtgetmek bilen bütin taryhyň dowamynda daşky gurşawa täsir etmekde öz ukybyny ösdüripdir we kämilleşdiripdir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 17-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Uýuni — tebigatyň täsinligi

Uýuni dünýädäki iň uly şor ýerdir. Ol 12106 kilometr inedördül meýdany eýeleýär. Bu şor ýer 40 müň ýyl mundan ozal Minçin duzly kölüniň bir bölegi eken. Wagtyň geçmegi bilen kölüň guran hanasynda häzirki Poopo, Uru-Uru atly köller we Uýuni, Koýpas atly iki sany uly şor meýdan emele gelipdir. Uýunä duz çöllügi ýa-da asman bilen zeminiň birigýän ýeri diýýärler. Tebigatyň bu täsinligi Boliwiýanyň Uýuni şäherinden 25 kilometr uzaklykda ýaýylyp ýatyr. Şor meýdan deňiz derejesinden 4000 metr belentlikde ýerleşýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 16-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0...-2° sowuk, gündizine +8...+10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.

Durnalar — älemiň perwanalary

Häzirki wagtda durnalaryň 14 görnüşi mälim bolup, olar Ýer ýüzüniň köp böleginde duş gelýärler. Durnalar gözelligiň, päkligiň, erkinligiň nyşany hökmünde halkymyzyň durmuşyna berk ornaşandyr. Bu guşlar bilen baglanyşykly hadysalara halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde — aýdymlarda, nakyllarda, matallarda, hüwdülerde we goşgularda köp duş gelinýär. Halkymyz düzümi boýunça iň arassa suwy durnanyň gözüne deňeýär ýa-da «Gaz geçse gapyňy ýap, durna geçse duluňy aç!» diýmek bilen, guşlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, olaryň göçüp-gonuşyny pasyl çalşygynyň ygtybarly duýduryşy hökmünde ulanýar. «Janym, gözüm karkara, saçy gunduzdan gara...» diýen hüwdi setirlerinde ene öz perzendiniň görküni owadan durna (karkara) bilen deňese, «Durnanyň» diýen türkmen halk aýdymyndaky «...Gyş gelse Bagdatdyr ýurdy durnanyň» ýaly setirler biziň ata-babalarymyzyň durnalaryň ýaşaýyş aýratynlygyny, olaryň haýsy ýurtlarda gyşlaýandyklaryny oňat bilendiklerine şaýatlyk edýär.

Hüşgär jandar

Garagum sährasy, Köpetdagyň, Uly we Kiçi Balkan daglarynyň, Köýtendagyň dagöňi düzlükleri we baýyrlyklary çöl towşanynyň mekanydyr. Bu owadan, hüşgärlikde özüni tanadan we tebigy gelşigini saklap gelýän haýwanlaryň biridir. Ol çöl beýewana we dagöňi giňişlige gezelenje çykýan adamlary ilkinji bolup garşylaýar. Bu alamat onuň ýurdumyzda giň ýaýrandygyny, sanynyň ýeterlik derejede saklanylýandygyny aňladýar. Çöl towşany towşanşekilliler maşgalasynyň iň kiçi wekilleriniň biridir. Onuň ýakyn kowumdaşlaryndan bolan belýak towşany Ýewropanyň tundra, tokaý we tokaýly sähralyklarynda, Sibirde ýaşaýar, rusak towşany bolsa Kawkazda, Demirgazyk Gazagystanda we Günbatar Sibiriň sähra zolagynda gabat gelýär. Biziň öý towşany diýip saklaýan görnüşimiz ýabany krolikleriň eldekileşdirilen tohumydyr.

Gyş pasly

Biziň ata-babalarymyz gyş paslyny «garagyş», «uly çille», «kiçi çille» we «soňky garagyş» ýaly döwürlere bölüpdirler. Biziň Watanymyzyň çäginiň diýseň giňdigine görä gyşyň gelşi ähli ýerde birmeňzeş däl.

Muny bilmek gyzykly

Pişikleriň bokurdaklarynda özboluşly ses çykarýan perdeleri bar. Olar arkaýyn dem alyp, gözlerini süzüp, täsin myrryldyly seslenýärler. Pişikler näme üçin myrryldaýarlar? Olar öz eýeleriniň idedişinden razy bolanlarynda şeýle ses çykarýarlar. Pişikleriň birnäçesi örän güýçli myrryldaýar. Şeýle ýagdaý olaryň keýpine bagly bolýar. Mylaýym hem kadaly myrryldy pişigiň sagdynlygyny aňladýar.

Tebigy melhemleriň gymmaty

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Ata-babalarymyz irki döwürlerde dürli keselleri bejerenlerinde olary giňden ulanypdyrlar. Dermanlyk ösümlikler häzirki zaman lukmançylygynda-da giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň goruny goramakda, köpeltmekde, olary derman senagatynda çig mal hökmünde ulanmakda uly işler alnyp barylýar. Şunda milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby uly ähmiýete eýedir. Bu ylmy eser şeýle ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, köpeliş we ösüş döwrüni, melhemlik täsirlerini, olaryň kesel bejerijiligini öwrenýän alymlaryň möhüm gollanmasyna öwrüldi. Adaty sarymsak, adaty sosna, adaty çopantelpek, medeni şibit ýaly dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçesi bu gün halkymyzyň arasynda giňden ulanylýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 15-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +5... +7° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Gözel tebigata buýsanç

Eziz Diýarymyzda üstünlikli alnyp barylýan ekologiýa syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen tokaýlyklar, baglar kalbymyzda buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyz tebigatyň eçilen şeýle ajaýyp peşgeşini, mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak bilen bilelikde, olaryň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belleýär. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, «Türkmenistanyň suw kodeksi»,«Türkmenistanyň Milli tokaý Maksatnamasy», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Eziz Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen möhüm konwensiýalary, maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Türkmen tebigaty

«7/24.tm», № 50 (81), 13.12.2021 KÖPETDAGA ILKINJI GAR ÝAGDY

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 9-njy dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly, ümürli howanyň bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°C, gündizine +14... +16°C maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.