Hüşgär jandar

15 Dekabr 2021
1137

Garagum sährasy, Köpetdagyň, Uly we Kiçi Balkan daglarynyň, Köýtendagyň dagöňi düzlükleri we baýyrlyklary çöl towşanynyň mekanydyr. Bu owadan, hüşgärlikde özüni tanadan we tebigy gelşigini saklap gelýän haýwanlaryň biridir. Ol çöl beýewana we dagöňi giňişlige gezelenje çykýan adamlary ilkinji bolup garşylaýar. Bu alamat onuň ýurdumyzda giň ýaýrandygyny, sanynyň ýeterlik derejede saklanylýandygyny aňladýar.

Çöl towşany towşanşekilliler maşgalasynyň iň kiçi wekilleriniň biridir. Onuň ýakyn kowumdaşlaryndan bolan belýak towşany Ýewropanyň tundra, tokaý we tokaýly sähralyklarynda, Sibirde ýaşaýar, rusak towşany bolsa Kawkazda, Demirgazyk Gazagystanda we Günbatar Sibiriň sähra zolagynda gabat gelýär. Biziň öý towşany diýip saklaýan görnüşimiz ýabany krolikleriň eldekileşdirilen tohumydyr.

Nurmurat DÖWLETOW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar