Uýuni — tebigatyň täsinligi

16 Dekabr 2021
1459

Uýuni dünýädäki iň uly şor ýerdir. Ol 12106 kilometr inedördül meýdany eýeleýär. Bu şor ýer 40 müň ýyl mundan ozal Minçin duzly kölüniň bir bölegi eken. Wagtyň geçmegi bilen kölüň guran hanasynda häzirki Poopo, Uru-Uru atly köller we Uýuni, Koýpas atly iki sany uly şor meýdan emele gelipdir.

Uýunä duz çöllügi ýa-da asman bilen zeminiň birigýän ýeri diýýärler. Tebigatyň bu täsinligi Boliwiýanyň Uýuni şäherinden 25 kilometr uzaklykda ýaýylyp ýatyr. Şor meýdan deňiz derejesinden 4000 metr belentlikde ýerleşýär.

Derýa RÜSTEMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar