Adaty nar

17 Dekabr 2021
1787

Bu ösümligiň dünýäde 2 görnüşi bolup, ýurdumyzda bir görnüşi duş gelýär. Ol gury daşlaşan, çagylly ýerlerde we jülgeleriň düýbünde, wagtlaýyn akýan dag çeşmeleriniň ugrunda ösýär. Boýy 1,5-3,5 metre çenli ýetýär. Nar agajy maý aýynda gülläp başlaýar we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Adaty nar tohumy we düýbünden çykan kök ösüntgileri arkaly köpelýär. Oňa ülkämizde deňiz derejesinden 800-1200 metr belent-likde duş gelmek bolýar. Adaty nar 3-4 ýyldan soň miwe berip başlaýar. Ol haýal ösmek bilen, 50-70 ýyla çenli ýaşaýar. Ösümlige Günorta-Günbatar Köpetdagda, Aýderede, Süntde, Hasarda, Ýolderede, Sumbar we Çendir jülgelerinde, Merkezi Köpetdagda, Nohurda, Arçabilde gabat gelinýär. Suwsuzlyga çydamly ösümlik Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilip, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda goralýar.

Adaty naryň dermanlyk maksatlary üçin güli, miwesi, gabygy, tohumy çig mal bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde adaty nardan bejeriş serişdesi hökmünde derman taýýarlanylyşy, peýdalanylyşy barada giňişleýin gymmatly maglumatlar berilýär.

Ýomudaly ÝOMUDOW,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar