"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Gün urmasyndan goranmak üçin

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli. Başgapsyz gezdirmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçinem gerekdir. Haçan-da bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik edende, keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Jöwzaly yssyda özüňi nädogry alyp barmak bedende dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Ýiti Gün şöhlesinden goranylmadyk ýagdaýynda, deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Gözüň şikes almak ähtimallygy artýar. Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň dü

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dürli sebäplere görä ene-atadan jyda düşen çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäçleriň aýaga galmagyna gönükdirilen sogap işleri amala aşyrýar. Ýakynda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy 5 ýaşly Atajan Şöhradowa Pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopedik operasiýa üstünlikli ýerine ýetirildi. Çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly. Operasiýanyň geçirilmegi üçin zerur enjamlar toplumynyň gazna tarapyndan merkeze sowgat edilendigi bellärliklidir. Ýatlap geçsek, saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tejribeleri ornaşdyrmagyň, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde geçen ýylyň 18 — 25-nji maýy aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň «Dritter Orden» klinikasynyň doktory, professor Winsent Frimberger ýurdumyzda iş saparynda bolup, ýokarda agzalan ylmy-kliniki merkezde ýerli hünärmenler bilen çanaklyk-but bognunyň çylşyrymly kesellerinde geçirilýän Pemberton usuly boýunça ortopedik operasiýany geçirmegiň inçe usuly boýunça tejribe alyşdy. Bu usul lukmanlarymyz tarapyndan üstünlikli özleşdirilýär.

Sagdynlygyň berk binýady

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işler amala aşyrylýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ulgamyň ileri tutulýan ugurlaryna we ilatyň saglygy goraýyş hyzmatyna bolan isleginden ugur alynýar. Maşgala lukmanlaryny bildirilýän talaplara görä taýýarlamak we olaryň ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş kömegini bermegini gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde diplomdan öňki taýýarlyk tapgyrynda guramaçylyk işleri amala aşyrylýar. Uniwersitetimizde häzirki zaman lukmançylyk biliminiň talaplaryna laýyklykda okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna yzygiderli seredilip, olaryň mazmuny baýlaşdyrylýar. Keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň iň täze we kämil usullary bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaplaryndaky tebigy serişdeler baradaky maglumatlar, şol sanda dermanlyk ösümlikleriň, jana şypaly suwlaryň ähmiýeti, lukmançylyk mirasymyzyň ylmy taglymatlary giňden öwrenilýär.

Gün şöhlesiniň täsiri

Tomus paslynda ýiti Gün şöhlesinden goranmak zerurdyr. Eger-de ýiti Gün şöhlesinden goranmasaň, gan basyşyň ýokarlanmagy, baş aýlanma alamatlary ýüze çykmagy mümkin. Gün urmasynda ukusyzlyk, kellagyry, umumy gowşaklyk we baş aýlanmak ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy bilen bedeniň işjeňligi gowşaýar. Näsagyň ýüzi gyzarýar, bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Gyzgynlygyň öňi alynmasa näsagda samrama başlaýar, huşuny ýitirýär we ýüzi agarýar, endamy sowap, ýürek urşy çaltlaşýar. Şeýle ýagdaýda tiz kömek gullugyna jaň etmeli.

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Saglyk burçy

Gün urmasynda ilkinji kömegi bermek üçin maslahatlar: Ilkinji nobatda, «Tiz kömege» jaň etmeli;

Il saglygynyň goragynda

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde «Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş-üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak» maksatnamasynyň çäklerinde duşuşyk guraldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen bu duşuşyga jemgyýetiň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň oňyn netijeleri barada gürrüň edildi. Şeýle-de lukmanlar näsaglaryň saglygyny berkitmek, ýokançly keselleriň öňüni almak boýunça meýilleşdirilýän möhüm çäreler barada aýtdylar. Duşuşygyň dowamynda agzalan Maksatnamanyň çäklerinde näsaglara derman serişdelerini paýlamak, olaryň durmuş goraglylygyny berkitmek işleriniň sazlaşykly dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

Sportuň her bir adamyň durmuşynda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetiň durmuşynda-da eýeleýän orny örän uludyr. Sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletimiz hem okgunly ösüşleri gazanýar. Şol bir wagtda sport işewürlikde üstünlige ýetmek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki sport we bedenterbiýe bilen meşgullanylanda, tertip-düzgünlilik, erklilik, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk häsiýetleri kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwrebap sport desgalarynda tälim alýan ýaşlarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa jemgyýetimizde sport we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we beýleki iri halkara ýaryşlarynyň üstünlikli geçirilmegi-de şol hakykaty doly tassyklaýar.

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus – howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18:00-dan soň daşary çykmak, möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgaplary geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Günüň dowamynda gerekli mukdarda arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Tomus üçin maslahatlar:

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. * * *

Müň melhemli «Mollagara»

Halkyň ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy ugrunda ählitaraplaýyn şertler döredilýär. Balkan welaýatyndaky «Mollagara» şypahanasyna gelýänlere ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu täsin künjegiň şypahana hökmünde meşhurlyga eýe bolmagynda Mollagara kölüniň uly ähmiýeti bar. Hiç hili akar suwuň daşyndan gelip guýmaýandygyna garamazdan, ýylyň tutuş dowamynda şol bir derejesini saklaýan köl ýokary bejerijilik häsiýetine eýedir. Minerallaşmagyň has ýokary bolany üçin köle giren adam suwuň düýbüne çökmän, hemişe onuň ýüzünde saklanýar. Kölüň gara gyrmançaly palçygyna we şor suwuna taý geljek başga melhemler mesgeni tutuş sebitde ýok diýerlikdir. — Meniň bu ýere ilkinji gezek gelşim. Kölüň türkmen tebigatynyň taýsyz gudratlarynyň biridigine dessine göz ýetirdim. Ýaşym ýetmişe ýetip barýar. Birnäçe gün geçip-geçmänkä-de, bedenim kuwwatlanyp, ruhum galkyndy. Şypahananyň lukmanlarynyňdyr şepagat uýalarynyň işine ökdeligi, ýokary adamkärçiligi eziz Diýarymyzda ilatyň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny görkezýär — diýip, Mary welaýatynyň Garagum etrabyndan gelen Rejep Resulow gürrüň berýär. Ýaşulynyň buýsançly söhbedine Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Maral Sapargeldiýewa höwes bilen goşulýar. Ol indi bäş ýyl bäri melhemler mesgenine yzygiderli gelip, bogun

Arkadag — saglyk mekany

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäniň miwelerini ajaýyp zamanamyzyň eşretlerinden gülleýän Diýarymyzyň islendik künjeginde görmek bolýar. Bu günki gün «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna görä guralmagy üpjün edilýär. Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek bilen baglanyşykly amala aşyrylan işler göwnüňi ganatlandyrýar. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, bejeriş-sagaldyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Täze gurlan we durky täzelenen şypahanalar, Hazar deňziniň kenarynyň bezegine öwrülen gözel Awaza bu gün ynsanlara saglyk, bagtyýar durmuş paýlaýar. Ajaýyplyklar mekany bolan Arkadag şäheri bolsa ynsanlaryň saglygyna gönükdirilen işleriň bu toprakda dowamly boljakdygyny dünýä ýüzüne ýene bir ýola äşgär etdi. Arkadag şäheriniň düýp özeninde sagdynlyk ýörelgesiniň durandygyny belläsimiz gelýär. Sebäbi bu şäherde Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan tebigatyň tämizliginiň üpjün edilmelidigini belläpdi. Bu bolsa şol bir wagtda halkyň saglygynyň hem aladasy bolup durýar. Köpetdagyň eteginiň tämiz howasy, ekologiýanyň arassalygy nazarlanyp döredilen döwrebap tehnikalaryň — elektromobillerdir elektrobuslaryň hereket etmegi, bagy-bossanlyklar, iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan sag

Bedeni suwsuzlykdan goraň!

Tomus aýlarynda howanyň yssydygy sebäpli adam bedeni suwy köp ýitirýär we ýitirilen suwuň öwezini dolmak üçin bedeniň suwa bolan talaby ýokarlanýar. Bedene ýeterlik suw kabul edilende çyglylyk derejesi saklanýar we ony guraklykdan goraýar. Suw içmegiň kadalary doly we dogry berjaý edilende, suw bedene doly siňýär we bedendäki biologik hadysalaryň üznüksiz amala aşmagyny üpjün edýär. Adam bedeni yzygiderlilikde suw kabul etmese, suwsuzlykdan tapdan düşüp başlaýar. Günüň dowamynda 2,5-3 litr suwuklygy, ýagny miwe şiresini, gaýnatmalary, çaý, arassa agyz suwuny, gaýnadylan suwy, limon garylan arassa agyz suwuny ýa-da itburundan taýýarlanan melhemleri içmek maslahat berilýär. Howanyň jokrama yssysynda wagtly-wagtynda suw içilmese, bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanyp, ganyň goýalmagyna getirýär. Dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bedeniň öte derlemegi, bedendäki suw deňagramlylygynyň bozulmagy ganyň lagtalanmagyna hem-de ýürek-gan damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirýär. Netijede, insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy ýokarlanýar. Öýden çykylanda, hökman ýanyň bilen arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylan suwy almaly. Esasan hem çagalara dürli gurnaklara gidenlerinde ýa-da daşarda oýnanlarynda ýanlary bilen suw berip goýbermegi unutmaň. Çagalara açyk howdanlardan, ýaplardan, derýadan, kölden, çeşmelerden suw içmegi

Derde derman, şirin jana tenekar

Ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Çünki saglyk islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde belleýşi ýaly, adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Sagdyn adam ruhubelent, ýaşaýşa, durmuşa, zähmete höwesli bolýar. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň berk binýady hasaplanýar. Döwletiň ähli kuwwaty, rowaçlyk binýady il-halkyň saglygynda, jemgyýetiň sagdynlygyndadyr. Bu babatdan Arkadagly Serdarymyz: «Ýurdumyzda ynsan saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar» diýip belleýär.

Iş ornuňda horlanmagyň 7 usuly

1. Gyssanman, günortanlyk nahara 20 — 30 minuty sarp ediň. Ähli zatdan ünsüňizi sowuň, diňe nahara üns beriň. Ýuwaşlyk bilen çeýnäň, şeýtseňiz, beýnä öz wagtynda açlygyňyzy kanagatlandyrýan habar barar, şeýlelikde, siz gereginden artyk iýmersiňiz. 2. Eliňizi-aýagyňyzy hereketlendirip maşk ediň, eglip-galyň. Netijede, bu hereketler bedendäki ýagy ýakmaga mümkinçilik berer.

Ýoga we saglyk

Ýoga endamyňy owadan görkezýär we agramyňy kadaly saklaýar. Ýoga gimnastikasy saglygyň sakasydyr. Ol horlanmak üçin iň gowy usullaryň biridir. Soňky döwürde sportuň bu görnüşi sport desgalarynda hem ýola goýuldy. Lukmanlar uly ýaşly adamlara ýoga gatnaşmagy maslahat berýärler. Sebäbi ýoga diňe bir maşklaryň toplumyny özünde jemlemän, eýsem, adamyň bedenini ýokary derejede taplamagyň usullaryny özünde hem birleşdirýär. Ýoganyň iň ýönekeý hereketleri hem (olar dogry ýerine ýetirilende) saglygymyza güýçli bejergili netije berýär. Ýoga diňe bir bedenimiziň owadanlygyny saklamaga ýardam etmän, eýsem, uzak günki işden soň ýadawlygymyzy aýyrmaga, adam bedeniniň dartgynlylygyny peseltmäge hem ýardam berýär. Dartgynlylygyň bedene bolan howpuny azaltmakda ýoganyň ýardamy uludyr.

BEÝIK ÇIGILDEM Тюльпан великий

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Beýik çigildem — soganlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 3 — 15 sm köpýyllyk otjumak wekili. Soganlygy ýumurtga görnüşli, 30 — 50 mm uzynlygy, 20 — 30 mm ini, gabyjagy goňur reňkli, aglaba soganlygynyň ujy we esasy bol ýumşak tüýlüje, ýüpekjimek keçe ýaly örtügi emele getirýär. Gül sapajygynyň uzynlygy 25 — 30 sm, gysga tüýlüje. Ýapraklary 3 — 5 sany, çalymtyl-ýaşyl reňkli, aşakysy giň neşder şekilli, uzynlygy 2-3 sm, hemme ýapraklarynyň ýokarsy örän gysga tüýlüje, gyrasy içi görnüp duran perdeli, gysga kirpiklije.

Günüň ýiti şöhlesinden goranalyň!

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy adamlaryň özüni alyp barşynda käbir kadalara has ünsli bolmagyny hem-de olary berk berjaý etmegini talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, sagat 18:00-dan soň, daşary gezelenje çykyp bolar. Daşary çykylanda, möwsüme görä (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri) geýinmek, kellä Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, gözleri goraýan gara äýnek dakynmak, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär.

Datly hem peýdaly nygmat

Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler saglygy goramakda örän wajypdyr. Tomsuna ýetişýän bakja ekinleri hem bedenimizi bu pasylda zerur bolan witaminler bilen üpjün edýär. Düzüminiň 90 göterimden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin garpyz bu möwsümde teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Garpyz — B, C, E, PP witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Garpyza gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy uludyr. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.