Müň melhemli «Mollagara»

21 Iýul 2023
477

Halkyň ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy ugrunda ählitaraplaýyn şertler döredilýär. Balkan welaýatyndaky «Mollagara» şypahanasyna gelýänlere ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu täsin künjegiň şypahana hökmünde meşhurlyga eýe bolmagynda Mollagara kölüniň uly ähmiýeti bar. Hiç hili akar suwuň daşyndan gelip guýmaýandygyna garamazdan, ýylyň tutuş dowamynda şol bir derejesini saklaýan köl ýokary bejerijilik häsiýetine eýedir. Minerallaşmagyň has ýokary bolany üçin köle giren adam suwuň düýbüne çökmän, hemişe onuň ýüzünde saklanýar. Kölüň gara gyrmançaly palçygyna we şor suwuna taý geljek başga melhemler mesgeni tutuş sebitde ýok diýerlikdir.

— Meniň bu ýere ilkinji gezek gelşim. Kölüň türkmen tebigatynyň taýsyz gudratlarynyň biridigine dessine göz ýetirdim. Ýaşym ýetmişe ýetip barýar. Birnäçe gün geçip-geçmänkä-de, bedenim kuwwatlanyp, ruhum galkyndy. Şypahananyň lukmanlarynyňdyr şepagat uýalarynyň işine ökdeligi, ýokary adamkärçiligi eziz Diýarymyzda ilatyň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny görkezýär — diýip, Mary welaýatynyň Garagum etrabyndan gelen Rejep Resulow gürrüň berýär. Ýaşulynyň buýsançly söhbedine Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan öý hojalykçy Maral Sapargeldiýewa höwes bilen goşulýar. Ol indi bäş ýyl bäri melhemler mesgenine yzygiderli gelip, bogun agyrylaryna edilýän emlerden şypa tapýandygyna çäksiz begenýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar