Gün şöhlesiniň täsiri

23 Iýul 2023
716

Tomus paslynda ýiti Gün şöhlesinden goranmak zerurdyr. Eger-de ýiti Gün şöhlesinden goranmasaň, gan basyşyň ýokarlanmagy, baş aýlanma alamatlary ýüze çykmagy mümkin.

Gün urmasynda ukusyzlyk, kellagyry, umumy gowşaklyk we baş aýlanmak ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy bilen bedeniň işjeňligi gowşaýar. Näsagyň ýüzi gyzarýar, bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Gyzgynlygyň öňi alynmasa näsagda samrama başlaýar, huşuny ýitirýär we ýüzi agarýar, endamy sowap, ýürek urşy çaltlaşýar. Şeýle ýagdaýda tiz kömek gullugyna jaň etmeli.

Dursun GÜLSARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar