"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Saglyk» döwlet maksatnamasy — ynsan saglygynyň goragynda

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramak, milli saglyk ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek bilen bagly uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda milli saglyk ulgamyny ösdürmegiň aýdyň ugurlary we öňde durýan wezipeleri kesgitlenildi. Netijede, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Öňden hereket edýän saglyk merkezleriniň binalarynyň durky täzelenýär. Olaryň maddy-üpjünçilik ýagdaýy gowulandyrylýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmäge, dürli bejergileri geçirmäge, keselleriň öňüni almaga degişli giň şertler döredilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň esasynda halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Keselleriň öňüni almakda we döwrebap bejergileri geçirmekde gazanylan üstünlikler üçin Türkmenistana berlen halkara güwänamalar muňa doly şaýatlyk edýär.

Gün urmasyndan goranmak üçin

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli. Başgapsyz gezdirmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçinem gerekdir. Haçan-da bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik edende, keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Jöwzaly yssyda özüňi nädogry alyp barmak bedende dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Ýiti Gün şöhlesinden goranylmadyk ýagdaýynda, deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Gözüň şikes almak ähtimallygy artýar. Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda

Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet

Gahryman Arkadagymyzyň asylly tutumlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýy artýar. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ýaş nesli ählitaraplaýyn goldamaga uly ähmiýet bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Bedenterbiýe we sport babatynda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilaty bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Saglyga sygnyp ýaşa

Hormatly ildeşler! Tomus paslynda arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Suw — saglygyň sakasy

✓ Tomus paslynda günde içiljek suwuň mukdary 2-3 litrden az bolmaly däldir. ✓ Yssy howada gyzyp geleniňden soňra, şolbada suwa düşmek nädogrudyr.

Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranalyň!

Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagynyň netijesinde, Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem yssy, jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar. Aslynda, Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini döreýär hem-de tebigy taýdan ýüze çykýan sussupesligiň öňüni alýan maddalar emele gelýär. Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilen çagy bolup bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Gün urma bolanda kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, demgysma, endam agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarma ýaly alamatlar bolýar. Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda huşuny ýitirme ýagdaýyna çenli hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömegi bermeli we «Tiz kömegi» çagyrmaly.

Yssy howada berjaý edilmeli kadalar

■ Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. ■ Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň!

Almanyň artykmaçlygy

Biz her gün bir sany alma iýmek arkaly öz ömrümizi üç ýyla çenli uzaldyp bileris. Angliýanyň Kembrij uniwersitetiniň alymlarynyň sagdyn durmuş düzgüniniň we iýmitiň ynsan ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenmek boýunça geçiren düýpli barlaglary şeýle netijä gelmäge esas berdi. Barlaglar 49—79 ýaş aralygyndaky adamlaryň 25 müňden gowragynyň gatnaşmagynda geçirildi. Alymlar her bir adamyň ýönekeý maslahatlary berjaý edende, öz ömrüne ýene işjeň we sagdyn on ýyly goşup biljekdiklerini anykladylar.

Sagdyn durmuşyň 10 kadasy

Her bir ynsan öz saglygynyň aladasyny yzygiderli etmelidir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklige özümize goşmaça agram hökmünde däl-de, durmuşymyzyň esasy we wajyp düzgüni hökmünde seretmelidiris. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleri şu aşakdaky çärelerden ybaratdyr. Olary ýerine ýetirmek biziň üçin hökmanydyr. 1. Ruhubelentlik.

Gün şöhlesinden goranmagyň ähmiýeti

Gün şöhlesi, arassa sergin howa çaganyň saglygy üçin uly adamlar bilen deňeşdireniňde has-da zerur hem-de peýdalydyr. Şu wajyplygy göz öňünde tutup, Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmalydyr. Esasan-da, çaganyň irki ösüşinde muňa aýratyn üns bermeli. Jöwzaly yssy günlerde çagany Gün urmagyndan, onuň ýiti şöhlesiniň aşagynda galmak ýaly hadysalardan goramaly. Sebäbi bize mälim bolşy ýaly, çaganyň tutuş bedeni, teni, ähli beden ulgamlary bekeýänçä nähoşlama, keselleme ýagdaýlara duçar bolmagy tiz-tizden gaýtalanyp durýar. Şonuň üçinem ene-atalar, ulular çagany Gün şöhlesiniň ýiti täsirlerinden goramalydyrlar. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, onuň bedeniň kesele garşy göreş (immun) ulgamyny pugtalandyrýandygy ylmy taýdan subut edildi. Esasan-da, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň diş we süňk ulgamy üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykmagyna örän oňaýly täsiri bardyr. Bu diýildigi, çaganyň bedeniniň ösmegi, kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleri emele getirýändigini, çaganyň aýagy ýer tutup, ýöremegi, bogunlarynyň bekemegi, umuman, çaganyň irki ösüşinde örän peýdaly taraplarynyň bardygyny doly düşündirmäge mümkinçilik döredýär. Şu zatlary göz öňünde tutup, çagalaryň derileriniň, tenleriniň näzikligi üçin, nerw we beýleki ulgamlaryna zeper ýetirmezlik üçin şulary maslahat berýäris: Yssy günlerde çagalary irden 9-dan 18-e çenli açyk Günüň aşagynda gezdirmek maslahat berilmeýär.

Çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýany

Dünýäde giňden ýaýran howply keselleriň köp sanlysynyň döremegi we ösmegi çilim çekmek endigi bilen baglanyşyklydyr. Temmäki önümlerini ysgamak, çeýnemek, tüssesini demiňe çekmek arkaly, yzygiderli ulanylmagy başga sebäpler bilen dörän keselleriň hem geçişini agyrlaşdyrýar. Eýsem, çilimkeşlik beden ulgamlaryna nähili täsir edýär? Zyýanly endikleriň, şol sanda çilimkeşligiň hem saglyga ägirt uly zyýan ýetirýändigi mälimdir. Çilim çekýän adamlaryň arasynda ýürek-damar, nerw, görüş, eşidiş, dem alyş, aşgazan-içege ulgamlarynyň keselleri, howply täze döremeler şeýle endigi bolmadyk adamlara seredeniňde köp duş gelýär. Öýkeniň howply täze döremelerine duçar bolan näsaglaryň aglabasy çilimkeşlerdir. Olaryň arasynda bogazyň, agyz boşlugynyň, gyzylödegiň, aşgazanasty mäziň howply täze döremeleriniň duş gelýändigini ylmy maglumatlar görkezýär. Çilim adamyň diňe bir beden we ruhy saglygyna däl, eýsem, daşky keşbine hem täsir edýär. Çilim çekýän adamyň saçlary ir agarýar, dişleri zaýalanýar, üstünden mydama ýakymsyz ys gelýär. Çilim adamyň ömrüni gysgaldýar.

Saglygymyzy goralyň!

Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmaly, başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňynmaly. Howuzlarda we deňizde suwa düşülende suwa düşmekligiň tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

Lukmanyň maslahaty

Magnit hadysasynyň saglyga täsiri Adamyň kelle beýnisinde howanyň ýagdaýyna görä üýtgeýän gormonlar bardyr. Howanyň basyşy birdenkä üýtgände, çyglylyk derejesi ýokarlananda ýa-da peselende we şuňa meňzeş hadysalarda adam bedeni gormonal üýtgemelere uýgunlaşmaga ýetişmeýär. Netijede, bedeniň ähli ulgamlarynda, aýratyn hem, ýürek-damar we nerw ulgamlarynda näsazlyklar ýüze çykýar. Bu ýagdaý, ylaýta-da, howanyň üýtgemegine duýgur (meteogaraşly) adamlara ýaramaz täsir edýär.

Tomus paslynda berjaý edilmeli maslahatlar

•Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň. •Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Dag içiniň jenneti

«Bagabat» şypahanasyny başgaça atlandyrmak mümkinem däl. Ynha, görseň, çar tarapy daglyk, daş-töweregi baglyk, gül-gülälekli meýdany eýeläp oturan döwrebap binalar toplumy adybir jülgä aýratyn görk berip, gelene gujak açýar. Onuň giň derwezesinden ätläp, basgançaklardan aşaklygyna düşüp ugranyňdan, iki tarapdaky gür baglar, al-elwan güller göwnüňi göterýär. Şol pursat kalbyňda üýtgeşik duýgy döreýär. Şäher we oba durmuşyndan, öý-ojagyň hysyrdysyndan, iş-aladalardan, etsem-goýsamlardan daşlaşdyryp, rahatlyk, dynçlyk we keýpiçaglyk eçilýän pursatlar kalbyňy ýakymly duýgulardan püre-pürleýär. Jenneti mekanyň goýnunda geçirilen günler ömrüňe ömür goşýar. Diýarymyzda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş ugruna degişli täze düzümler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hereket edýän şypahanalaryň döwrebap enjamlaşdyrylyşy, olarda ýola goýlan hyzmatlar dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Öňden bar bolan şypahanalaryň üstüni ýetiren, täze usullarda işleýän «Bagabat» şypahanasynyň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan şypahananyň işläp başlanyna eýýäm üç ýyl bolup barýar.

Saglyk — başymyzyň täji

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynda giň göwrümli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň gözel künjeklerinde bina edilýän häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, hassahanalar hem-de saglygy goraýyş maksatly beýleki desgalar hem milletiň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän işleriň güwäsidir. Biz — arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmanlarydyr işgärleri-de döwrebap şertlerde zähmet çekýäris we öňümizde duran wezipelere hötde gelmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Kärhanalarda, jemgyýetçilik iýmiti desgalarynda, önümçilik ýerlerinde arassaçylygyň, sanitariýanyň talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edýäris, iýmit zäherlenmesiniň öňüni almakda degişli işleri alyp barýarys.

Tebigy dermanhananyň melhemleri

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryny okap, sere gelen setirler. Ýagşylyga ýaran ýandagym

Tomus paslynda

näsaglamazlyk üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda içmeli. Şeýle hem:

Zäk we onuň peýdasy

Zäk — bu alýuminiý, kaliý, demir hem-de şonuň ýaly aşgarly metallaryň ikili kömürturşy duzy bolup, reňksiz kristal görnüşindedir. Dürli himiki jisimleriň birikmesinden emele gelen ýiti ajymtyk turşy mineraly aňladýan zägiň beýleki türki dillerde: şap (türk), zäý (azerbaýjan), asywtaş (başgyrt), aşuwtaş (gazak), ajyktaş (gyrgyz), aşutaş (garagalpak), aççiktaş (özbek), açutaş (tatar), zämçä (uýgur) görnüşlerde aýdylýandygyny belli alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmen diliniň sözköki sözlügi» kitabynda belleýär. Zäk ajy bolsa-da, tebipçilikdir lukmançylykda has irki döwürlerden bäri ulanylypdyr. Halk tebipçiliginde zäk agyz boşlugyndaky we bedendäki ýaralary bitiriji serişde, içgeçmäni, deridäki kesikleri we gijilewügi bejermekde melhem hökmünde belli bolupdyr. Belli alym lukman Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitabynda zägiň agyz we beýleki ýaralary bejermekde peýdalydygyny, köýdürilen zägiň bir bölegini, süýji buýan köküniň we zagpyranyň — hersiniň ýarty bölegini bal bilen garyp ýasalan kökejigi ulanmak bilen diş etinden we diş arasyndaky etlerden döreýän agyz porsamasyny aýryp bolýandygyny belleýär.

Sagdynlygyň gözbaşy we Gün şöhlesiniň täsiri

Ýurdumyzda her bir çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagy, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli şertler döredilendir. Ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmaklary üpjün edilýän, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän çagalar baglary, orta okuw mekdepleri, sport desgalary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri muňa şaýatlyk edýär. Asman päkligi ýaly päkize çagalary aýratyn söýgi, alada bilen gurşamak türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Ýaş nesillerimiz döwletimiziň geljekki daýanjydyr, jemgyýetimizi ösdürjek şahsyýetlerdir. Şonuň üçin olar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň alada bilen gurşalyp alynmagy, sagdyn, şadyýan ösüp-ulalmagy, bilimli, terbiýeli, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işler muňa şaýatlyk edýär.