Çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýany

26 Iýul 2023
502

Dünýäde giňden ýaýran howply keselleriň köp sanlysynyň döremegi we ösmegi çilim çekmek endigi bilen baglanyşyklydyr. Temmäki önümlerini ysgamak, çeýnemek, tüssesini demiňe çekmek arkaly, yzygiderli ulanylmagy başga sebäpler bilen dörän keselleriň hem geçişini agyrlaşdyrýar. Eýsem, çilimkeşlik beden ulgamlaryna nähili täsir edýär?

Zyýanly endikleriň, şol sanda çilimkeşligiň hem saglyga ägirt uly zyýan ýetirýändigi mälimdir. Çilim çekýän adamlaryň arasynda ýürek-damar, nerw, görüş, eşidiş, dem alyş, aşgazan-içege ulgamlarynyň keselleri, howply täze döremeler şeýle endigi bolmadyk adamlara seredeniňde köp duş gelýär. Öýkeniň howply täze döremelerine duçar bolan näsaglaryň aglabasy çilimkeşlerdir. Olaryň arasynda bogazyň, agyz boşlugynyň, gyzylödegiň, aşgazanasty mäziň howply täze döremeleriniň duş gelýändigini ylmy maglumatlar görkezýär. Çilim adamyň diňe bir beden we ruhy saglygyna däl, eýsem, daşky keşbine hem täsir edýär. Çilim çekýän adamyň saçlary ir agarýar, dişleri zaýalanýar, üstünden mydama ýakymsyz ys gelýär. Çilim adamyň ömrüni gysgaldýar.

Mamajan JUMANAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki talyplar Saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar