Almanyň artykmaçlygy

26 Iýul 2023
403

Biz her gün bir sany alma iýmek arkaly öz ömrümizi üç ýyla çenli uzaldyp bileris. Angliýanyň Kembrij uniwersitetiniň alymlarynyň sagdyn durmuş düzgüniniň we iýmitiň ynsan ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenmek boýunça geçiren düýpli barlaglary şeýle netijä gelmäge esas berdi.

Barlaglar 49—79 ýaş aralygyndaky adamlaryň 25 müňden gowragynyň gatnaşmagynda geçirildi. Alymlar her bir adamyň ýönekeý maslahatlary berjaý edende, öz ömrüne ýene işjeň we sagdyn on ýyly goşup biljekdiklerini anykladylar.

Gülşat NAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň II ýyl talyby.
Beýleki habarlar