Gün şöhlesinden goranmagyň ähmiýeti

26 Iýul 2023
492

Gün şöhlesi, arassa sergin howa çaganyň saglygy üçin uly adamlar bilen deňeşdireniňde has-da zerur hem-de peýdalydyr. Şu wajyplygy göz öňünde tutup, Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmalydyr. Esasan-da, çaganyň irki ösüşinde muňa aýratyn üns bermeli. Jöwzaly yssy günlerde çagany Gün urmagyndan, onuň ýiti şöhlesiniň aşagynda galmak ýaly hadysalardan goramaly. Sebäbi bize mälim bolşy ýaly, çaganyň tutuş bedeni, teni, ähli beden ulgamlary bekeýänçä nähoşlama, keselleme ýagdaýlara duçar bolmagy tiz-tizden gaýtalanyp durýar. Şonuň üçinem ene-atalar, ulular çagany Gün şöhlesiniň ýiti täsirlerinden goramalydyrlar. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, onuň bedeniň kesele garşy göreş (immun) ulgamyny pugtalandyrýandygy ylmy taýdan subut edildi. Esasan-da, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň diş we süňk ulgamy üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykmagyna örän oňaýly täsiri bardyr. Bu diýildigi, çaganyň bedeniniň ösmegi, kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleri emele getirýändigini, çaganyň aýagy ýer tutup, ýöremegi, bogunlarynyň bekemegi, umuman, çaganyň irki ösüşinde örän peýdaly taraplarynyň bardygyny doly düşündirmäge mümkinçilik döredýär. Şu zatlary göz öňünde tutup, çagalaryň derileriniň, tenleriniň näzikligi üçin, nerw we beýleki ulgamlaryna zeper ýetirmezlik üçin şulary maslahat berýäris:

Yssy günlerde çagalary irden 9-dan 18-e çenli açyk Günüň aşagynda gezdirmek maslahat berilmeýär. Çagalaryň egin-eşikleri gyzgyn howa şertlerine görä, Gün şöhlesini geçirmeýän, ak nahdan tikilen we endamyna ýakymly bolmaly. Gün şöhlesinden peýdalanylanda ir sagat 6-dan 9-a çenli, öýlän 18-den 20-ä çenli aralyk örän peýdalydyr.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar