"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Sportuň kämil ojagy

Deňi-taýy bolmadyk ajaýyp «akylly» şäheriň sportdaky mümkinçilikleri hemmeleri haýrana goýýar. Arkadag şäherinde mynasyp ornuny tapan ajaýyp sport desgalary türgenleriň sport bilen hünär derejesinde meşgullanmagy bilen birlikde, dürli ýaşly ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygyny gazanmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen Köpugurly sport toplumy, Sport merkezi (Suw-sport toplumy) we 10 müň orunlyk stadion uly mümkinçiliklere eýedir. Bu binalarda sportuň başa-baş söweş görnüşleri, futbol, woleýbol, basketbol, uly we stol tennisi, agyr hem-de ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka, suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler bar. Şeýle hem fitnes, trenažýor we maslahatlar zallary bilen birlikde, beýleki zerur otaglar hem göz öňünde tutulypdyr. Sport merkezinde bolsa suwda ýüzülýän uly howuzdan başga-da, çagalar üçin niýetlenen suw attraksionly howuz bar.

Şowly çykyşlar

Sport mekdebimiziň türgenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünliklere beslediler. Mekdebimiziň türgenleri ýurdumyzda hem-de halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler. Türgenlerimiziň ýeňişli ýollary bu gün hem dowam edýär. 13-14-nji ýanwarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 16,17,18 ýaşly ýetginjekleriň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Has takygy, sambo boýunça sport mekdebimiziň tälimçisi Çary Meredowyň şägirtleri Işanguly Kulyýew 53 kg agramda, Seýran Döwwaýew 71 kg agramda birinji, Nurmuhammet Atabaýew 64 kg agramda, Rahman Nurýagdyýew 79 kg agramda üçünji orunlara eýe boldular.

Maksadym – ökde türgen bolmak

Stol tennisi hakynda men ilkibaşda eşitmedik hem bolsam, häzir bu meniň özüme hemişelik hemra edinen sportum. Meniň stol tennisi bilen meşgullanyp başlamagyma mekdebimizde geçirilen sport ýaryşlary sebäp boldy. Şeýdibem, bedenterbiýe mugallymymyň ýardam bermegi bilen etrabymyzdaky sport mekdebine gatnap başladym. Bu ýerde bize tälimçi-mugallym Rahat Töräýew ýolbaşçylyk edýär. Ol bize stol tennisiniň inçe syrlaryny öwredýär, yzygiderli türgenleşik sapaklaryny geçýär.

Taryhda şu gün

23-nji gezek guralan bu duşuşykdaky ilkinji gol 20-nji sekuntda hasaba alyndy. Bu goly «Günbataryň» oýunçysy Žak Laperrier öz adyna ýazdyrdy. Duşuşykdaky soňky goly «Gündogaryň» oýunçysy Gordi Hou geçirdi. Şol döwürler ýyldyz hokkeýçi hasaplanan Gordiniň hemme ýyldyzlaryň gatnaşmagynda guralýan duşuşyklara 10-njy gezek gatnaşandygyny bellemek gerek. Milli hokkeý ligasynyň 1970/71 möwsüminiň regulýar çempionatynda 121 utuk toplan «Boston Brýuinz» topary ýeňiş gazanypdy. Onuň yzysüresi geçirilen pleý-off tapgyrynda bolsa «Monreal Kanadiens» topary ýeňiji boldy. Stenliniň Kubogynyň finalynda Monreal şäheriniň topary «Çikago Blekhoks» toparyny 7 duşuşygyň netijesinde 4:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Welosportuň meşhur görnüşi

Welosiped sportunyň meşhur görnüşleriniň biri welotrek ýaryşlarydyr. «Welotrek» sözüniň latyn dilinde «çalt, tiz», iňlis dilinde «yz, ýol» diýen manylary aňladýandygyny hem bilip goýan ýagşy. Bu ýaryşlar ýörite welosipedleriň hereketlenmegine niýetlenen ýodaly meýdançada, köplenç halatda, 130 – 500 metr, halkara derejeli ýaryşlarda bolsa 250 – 400 metr aralygynda geçirilýär.

Sport — ýaşlaryň hemrasy

Şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Seýdi şäherindäki 7-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa etrabyň çägindäki sport mekdepleriň toparlary gatnaşdylar. Guralan duşuşyklar çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň dowamynda 4-nji sport mekdebiniň oglanlar topary üstünlikli çykyş edip, birinjiligi eýeledi. Etrabyň 2-nji we 7-nji sport mekdepleriniň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijileri etrap birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

FI­FA ýe­ne-de Mes­si­ni saý­la­dy

Ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dyz fut­bol­çy, hä­zir­ki wagt­da «In­ter Ma­ýa­mi» to­pa­ryn­da çykyş edýän Lio­nel Mes­si­niň baý­rak kol­lek­si­ýa­syn­da­ky sy­lag­la­ry­nyň sa­ny art­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Ang­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da ge­çi­ri­len «The Best FI­FA 2023» baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Fran­si­ýa­ly ozal­ky meş­hur fut­bol­çy Ti­er­ri An­ri bi­len bri­ta­ni­ýa­ly ta­ny­mal alyp­ba­ry­jy Reş­min Çowd­hu­ri­niň bi­le­lik­de alyp ba­ran da­ba­ra­sy­na fut­bo­lyň öň­ki-soň­ky ýyl­dyz­la­ry, tä­lim­çi­ler, klub­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry,

«Re­al Mad­rid» 13-nji ge­zek Su­per Ku­bo­gyň eýe­si

Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy du­şu­şy­gy­nyň fi­na­lyn­da bu ge­zek ýe­ňiş «Re­al Mad­ri­diň» ta­ra­pyn­da bol­dy. Ge­çen ýyl­ky fi­nal­da as­gyn ge­len (3-1) «Re­al Mad­rid» bu sa­par «Bar­se­lo­na­ny» 4-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da­ky KSU sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da mad­rid­lile­riň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Wi­ni­si­us Ju­ni­or öz ady­na ýaz­dyr­dy. Eý­ýäm il­kin­ji 10 mi­nut­da — 7-nji we 10-njy mi­nut­lar­da gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­le­riň ne­ti­je­sin­de 2 gol ge­çi­ren bra­zi­li­ýa­ly win­ger 39-njy mi­nut­da-da pe­nal­ti­ni dürs urup, het-trik et­di. Ol «Bar­se­lo­na­nyň» der­we­ze­sin­den 3 gol ge­çi­ren il­kin­ji «re­al­ly» bra­zil fut­bol­çysy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Oý­nuň 64-nji mi­nu­tyn­da-da baş­ga bir bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy Rod­ri­go ta­pa­wut­lan­dy. «Bar­se­lo­na­nyň» ýe­ke-täk go­lu­ny 33-nji mi­nut­da Ro­bert Le­wan­dows­ki der­we­zä gi­ri­zip, ol «El Kla­si­ko­da» «Rea­lyň» to­run­dan gol ge­çi­ren iň ýa­şu­ly «bar­se­lo­na­ly» oýun­çy bol­dy. Du­şu­şy­gyň 71-nji mi­nu­tyn­da «Bar­se­lo­na­nyň» urug­waý­ly go­rag­çy­sy Ro­nald Arau­ho gy­zyl kart al­dy. Şun­luk­da, 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Re­al Mad­rid» res­mi «El Kla­si­ko» du­şu­şyk­la­ryn­da gar­şy­da­şy­ny 104-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ýe­ňiş «Re­al Mad­ri­diň» soň­ky 5 ýyl­da­ky 3-nji, umu­my­lyk­d

Il­kin­ji al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy

Fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak bo­ýun­ça Lit­wa­nyň Kau­nas şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. Çem­pio­nat­da er­kek­le­riň ara­syn­da ýe­ke­le­ýin ýa­ryş­da fran­si­ýa­ly 22 ýa­şyn­da­ky Adam Siao Him Fa bas­syr 2-nji ge­zek yk­lym ýa­ry­şy­nyň ýe­ňi­ji­si bol­dy. Ol 2 tap­gyr­da-da (gys­ga prog­ram­ma, er­kin typ­mak) iň köp utu­gy top­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu ugur­da es­to­ni­ýa­ly Alek­sandr Se­lew­ko 2-nji, ita­li­ýa­ly Mat­teo Riz­zo 3-nji or­ny eýe­le­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ýa­ryş­da bel­gi­ýa­ly Lu­na Hend­riks 2 tap­gyr­da öňe saý­la­nyp, yk­lym ýa­ry­şyn­da­ky il­kin­ji al­tyn me­da­ly­ny boý­nu­na dak­dy. Ol ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny gru­zi­ýa­ly Anas­ta­si­ýa Gu­ba­no­wa­dan hem-de wa­tan­da­şy Ni­nan Pin­zar­ro­ne­den öňe saý­lan­dy.

Ka­ta­ryň ýy­gyn­dy­sy 1/8 fi­na­la çy­kan il­kin­ji to­par bol­dy

Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni Ka­tar­da bat alan fut­bol bo­ýun­ça 18-nji Azi­ýa Ku­bo­gyn­da to­par­ça­lar­da­ky 1-nji du­şu­şyk­lar ta­mam­lan­dy. Ge­çi­ri­len 12 oý­nuň 2-sin­de ha­sap açyl­ma­dy. 12 oýun­da je­mi 37 gol ha­sa­ba alyn­dy. Umu­my­lyk­da, 1-nji du­şu­şyk­lar­da fa­wo­rit­ler ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. «A» to­par­ça­da ýer eýe­le­ri Ka­ta­ryň ýy­gyn­dy­sy Li­wa­ny Afi­fiň hem-de Al­mo­ez Ali­niň gol­la­ry bi­len 3-0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Çem­pio­na­tyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji du­şu­şy­gyn­da Hy­taý bi­len gol­suz deň­me-deň oý­nan Tä­ji­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji utu­gy­ny ga­zan­dy. «A» to­par­ça­da 2-nji du­şu­şyk­lar hem ge­çi­ri­lip, Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­sy Li­wan bi­le­nem gol­suz deň­me-deň oý­na­dy. Ýer eýe­le­ri Ka­ta­ryň ýy­gyn­dy­sy bol­sa Tä­ji­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­syny Afi­fiň 17-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len ýe­ňip, 1/8 fi­na­la çy­kan il­kin­ji ýy­gyn­dy bol­dy.

Woleýbolçy gyzlar ýaryşdylar

Ýakynda Saýat etrabyndaky 41-nji orta mekdepde geçirilen woleýbol ýaryşy iň gowy gyzlar toparyny saýlamaga mümkinçilik berdi. Bu ýaryşy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi etrabyň sport we bedenterbiýe bölümi bilen bilelikde gurady. Ýaryşa etrabymyzyň ähli mekdepleriniň woleýbolçy gyzlar toparlary gatnaşdylar. Gyşky dynç alyş möwsüminde geçirilen ýaryş täze ýylyň ilkinji günlerindäki sport baýramçylygyna öwrüldi.

Sport. Sport. Sport.

Ezberler öňe saýlandylar Garaşsyz döwletimizde sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde degerli işleriň gerimi giňeýär. Aýratynam, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaga höwesekleriniň sanynyň artýandygy bellärliklidir. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri bu günki gün ýaşlaryň arzyly mekanyna öwrülýär.

Küştçi doganlar

Doganlar Joraýewler mundan sanlyja ýyl ozal hem adaty küştçüleriň hatarynda görülýärdi. Indi ýaryşlarda olar barada näme diýilýär, bilýäňizmi? «Joraýewler gelipdir, diýmek, çynlakaý çemeleşmeli» diýýärler. Çünki indi Ýunus bilen Abdyllanyň gatnaşan ýaryşyndan eli boş gaýtmajakdygyny bäsdeşlerem bilýär, küşt dünýäsiniň ussat tälimçilerem bilýär. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde okaýan doganlar, ine, şeýle ezber küştçi bolup ýetişdiler. Küştçi doganlaryň ejesi Miwe gelneje ogullaryny alyp, iş ýerime — welaýat gazetiniň redaksiýasyna gelende, orta mekdebiň sekizinji synpynda okaýan Ýunus bilen heniz bäşinji synpyň okuwçysy Abdyllanyň gazanan ýeňişleri üçin berlen Hormat hatlarydyr medallary görüp, özüm-ä haýran galdym. Gysgaça şeýle ýazaýyn: Hormat hatlarydyr medallaryň diňe atlaryny sanap geçjek bolsaňam, «Güneşiň» birki sahypasyny dagy eýelejek. Jemläp aýtsak, Ýunusyň-a dürli derejeli ýaryşlardan 3 altyn, şonça kümüş we 7 sany bürünç, Abdyllanyň bolsa 14 sany altyn, 5 sany kümüş we 4 sany bürünç medallary bar. Ýene bir zady — bu medallaryň içinde halkara derejeli onlaýn ýaryşlardan gazanylan medallaryň hem bardygyny bilip goýsaňyz gowy.

Karateniň ýaşajyk ussady

Mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndylarymyzyň düzüminde çykyş edip, dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan türgenler az däl. Şolaryň biri hem Şamyrat Myradow. Ol Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdepde okaýar.  Şamyrat 7-8 ýaşyndan bäri Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň bir görnüşi bolan karate bilen meşgullanyp gelýär. Ol ilkinji gezek karate boýunça ýaryşa 2013-nji ýylda gatnaşýar we agram derejesi boýunça eminleriň çözgüdi bilen ilkinji ýeňşini gazanýar. Ýaş türgen 2014 — 2018-nji ýyllar aralygynda Görogly etrabyndaky 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň mugallymy Babahan Dädebaýewiň elinde tälim alýar. Bu döwürde Şamyrat sportuň karate görnüşi boýunça etrap, welaýat tapgyrlarynda geçirilen çempionatlarda agram derejeleri boýunça yzygiderli baş baýraklara mynasyp bolýar.

Mekdep okuwçylary erjelligini görkezdi

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylarynyň arasynda geçirilen şadyýan estafeta bäsleşigi hem uly gyzyklanma döreden ýaryşlaryň biri boldy. “Biz Oguzhan nesli” atly şadyýan estafeta bäsleşiginiň Babadaýhan etrap tapgyry etrapdaky 19-njy orta mekdepde geçip, oňa orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýaş nesliň sporta höwesiniň uludygyna, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerine bäsleşigiň barşynda göz ýetirmek örän ýakymly boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda ýer eýeleri—19-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji orny eýeledi. Ikinji orna 17-nji, üçünji orna bolsa, 20-nji orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular.

Biz Oguzhan nesli

Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. “Biz Oguzhan nesli” atly bäsleşigi “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen etrap bilim bölümi bilelikde guradylar. Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylarynyň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşik ýaş nesle ukyp-başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Uly gyzyklanma döreden bäsleşikde etrapdaky 29-njy orta mekdebiň topary birinji, 2-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” toparynyň resmi websaýty işe girizildi

Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi websaýty işe girizildi - www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar. Ýaryşlar bölüminde toparyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri barada jikme-jikligi bilen gürrüň edilýär. Umuman, toparyň hünärmenleriniň tagallasy bilen işe girizilen saýtda “Altyn Asyr” topary bilen bagly gyzykly maglumatlar, şeýle-de, oýunçylardan başlap, toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilipdir.

Küşt boýunça milli birinjilik

Aşgabatda 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligine bu oýna höwesjeňleriň 400-den gowragy gatnaşdy. Iň kiçi ýaş derejesindäki ýaryşlar paýtagtly Çaryhekim Çaryýewiň we maryly küştçi Anna Çaryýewanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Çaryhekim mümkin bolan 9 utugyň ählisini gazanyp, 100 göterimlik netije görkezen bolsa, Anna ýaryşy 8 utuk bilen jemledi. 9 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Lebap welaýatyndan Maksat Awlýakulyýew mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap, öz şahsy sport sene ýazgysyna ýene bir çempionlygy goşmagy başardy. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda lebaply Dünýä Ruslanowa taý tapylmady. Geçen ýyl hem çempion bolan zehinli gyz duşuşyklaryň birinde hem utuk ýitirmedi. Mary welaýatyndan Alyhan Batyrow 11 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda toplan 8,5 utugy bilen iň ýokary netije gazandy. Bu ýaşda gyzlaryň arasynda lebaply küştçi Aýýa Baýramowa iň ýokarky basgançaga çykyp, mümkin bolan 9 utukdan 8-sini gazanmagy başardy.

Gyzykly geçen ýaryş

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport kluby bilen dil we eşidiş taýdan şikesli mekdep ýaşly gyzlaryň arasynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen, sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Oňa gatnaşan gyzlar öz aralarynda çekeleşikli bäsleşdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna Gülasal Seýitmetowa, 2-nji orna Suraýýa Annamyradowa, 3-nji orna Malak Jumaniýazowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Zehinli talyp, ezber türgen

Ýurdumyzda sport bilen meşgullanýan ýaşlara uly goldaw berilýär. Häzirki döwrümizde ýaş zehinli türgenlerimiziň biri-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Döwletgeldi Mamenowdyr. Döwletgeldi ýedi ýaşyndan bäri sportuň adaty karate görnüşi boýunça türgenleşip gelýär. Ol, ilki, etrap derejesinde, soňra welaýat, döwlet tapgyrlarynda birnäçe gezek ýeňiji boldy.  Döwletgeldi Mamenow 2012-nji ýylda Daşoguz welaýaty boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda şahsy kata görnüşde çykyş edip, 1-nji orny eýeleýär. Soňra 2013-nji ýylda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň XIX açyk çempionatynda şahsy kata görnüşi boýunça çykyş edip, 2-nji ýere mynasyp bolýar. 2015-nji ýylda bolsa Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň XIII kubagyny almak ugrundaky ýaryşda sportuň EN-BU görnüşi boýunça görkezme çykyş edip, 2-nji orny eýeleýär. 2016-njy ýylda hem Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji orna mynasyp bolýar. Şeýle uly ýaryşlar Döwletgeldiniň sportda tejribesini has-da artdyrýar.