Karateniň ýaşajyk ussady

17 Ýanwar 2024
456

Mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndylarymyzyň düzüminde çykyş edip, dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan türgenler az däl. Şolaryň biri hem Şamyrat Myradow. Ol Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdepde okaýar. 

Şamyrat 7-8 ýaşyndan bäri Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň bir görnüşi bolan karate bilen meşgullanyp gelýär. Ol ilkinji gezek karate boýunça ýaryşa 2013-nji ýylda gatnaşýar we agram derejesi boýunça eminleriň çözgüdi bilen ilkinji ýeňşini gazanýar. Ýaş türgen 2014 — 2018-nji ýyllar aralygynda Görogly etrabyndaky 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň mugallymy Babahan Dädebaýewiň elinde tälim alýar. Bu döwürde Şamyrat sportuň karate görnüşi boýunça etrap, welaýat tapgyrlarynda geçirilen çempionatlarda agram derejeleri boýunça yzygiderli baş baýraklara mynasyp bolýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar