Şowly çykyşlar

19 Ýanwar 2024
482

Sport mekdebimiziň türgenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünliklere beslediler. Mekdebimiziň türgenleri ýurdumyzda hem-de halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler. Türgenlerimiziň ýeňişli ýollary bu gün hem dowam edýär.

13-14-nji ýanwarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 16,17,18 ýaşly ýetginjekleriň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Has takygy, sambo boýunça sport mekdebimiziň tälimçisi Çary Meredowyň şägirtleri Işanguly Kulyýew 53 kg agramda, Seýran Döwwaýew 71 kg agramda birinji, Nurmuhammet Atabaýew 64 kg agramda, Rahman Nurýagdyýew 79 kg agramda üçünji orunlara eýe boldular.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar