Şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Seýdi şäherindäki 7-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa etrabyň çägindäki sport mekdepleriň toparlary gatnaşdylar. Guralan duşuşyklar çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy.
Ýaryşyň dowamynda 4-nji sport mekdebiniň oglanlar topary üstünlikli çykyş edip, birinjiligi eýeledi. Etrabyň 2-nji we 7-nji sport mekdepleriniň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijileri etrap birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.