"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Çagalar üçin peýdaly sport görnüşi

Keselleriň öňüni almakda, olary bejermekde, adamyň sagdyn hem ruhubelent bolmagynda sportuň peýdasy uludyr. Sporta «Saglygyň sakasy» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Her gün 30-60 minut sport bilen meşgullanmak sagat we berk bedenli bolmaga ýardam edýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, çagalar üçin peýdaly sport görnüşleriniň biri-de suwda ýüzmekdir. Onuň çaganyň sagdyn ösmegi üçin peýdaly taraplary köpdür. Bedeniň yssy hem sowuk howa çydamlylygyny artdyrýar we taplaýar. Çaga seýrek syrkawlaýar. Ol el-aýak, bil myşsalarynyň çeýeligini berkidýär. Çaga suwda ýüzýän wagtynda ýadamaýar we onuň ähli myşsalary hereket edýär. Lukmanlar suwda ýüzmegiň ýürek-damar işjeňligini berkidýändigini, ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni alýandygyny, dem alşy kadalaşdyrýandygyny, çaganyň nerw ulgamyna, aň-düşünjesine hem oňyn täsiriniň bardygyny aýdýarlar. Suwda ýüzmegiň umumy beden berkidiji aýratynlygy bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan çaga lukmanynyň aýdyşy ýaly, suwda ýüzmek çaganyň ömrüni halas etmegiň möhüm durmuş endigidir. Ol çydamly, güýçli we bedeniň çeýe bolmagynda ähmiýetlidir. Arassa mylaýym suw beden bilen galtaşanda, sagdynlyk, ruhubelentlik we şähdaçyklyk berýär. 

Balkanabatda geçen ýurdumyzyň birinjiligi

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan ýaryşa Diýarymyzyň çar künjeginden zehinli türgenler gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 17 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda balkanly türgenlere taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow we Ýelizaweta Wodopýanowa altyn medallaryň eýeleri bolmagy başardylar.

Çempionlar ýene çempion

Türkmen türgenleri karateniň kýokşunkaý görnüşi boýunça Aziýanyň açyk çempionatyndan goşa medal bilen dolanyp geldiler. Halkara ýaryş ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirildi. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Ýaponiýada dörän başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň medal gaznasyna altyn medallaryň ikisi goşuldy. Olary 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýazmuhammet Aşyrmyradow bilen 90 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Myrat Ekäýew gazandy.

Estafeta bäsleşigi

Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda 8-9 ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda «Biz Oguz han nesli» atly şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. Oňa etrapdaky umumy bilim berýän mekdeplerinden toparlar gatnaşdy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşikde ruhubelent çagalar toply we halkalaýyn bellenilen aralyga ylgamak boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Turuwbaşdan çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda etrapdaky 19-njy orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. 11-nji orta mekdebiň topary ikinji, 12-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji toparlar «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Şadyýan estafeta

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdepde “Biz Oguzhan nesli” atly şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşikde mekdep okuwçylary ukyp-başarnygyny görkezdiler. Onuň netijesinde etrapdaky 24-nji orta mekdebiň topary birinji, 32-nji orta mekdebiň topary ikinji, 15-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Sport mekdebiniň birinjiligi

Sportuň grek-rim göreşi boýunça Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Oňa sport mekdebiň ýaş türgenleri gatnaşyp, agram derejeleri boýunça şowly çykyş etdiler. Ýaryşyň netijesine 21 kilogram agramda Ahmet Babaýew, 23 kilogram agramda Baýram Ýazyýew, 24 kilogram agramda Süleýmen Batyrow, 25 kilogram agramda Azat Daňgeldiýew, 26 kilogram agramda Mergen Ymamow, 28 kilogram agramda Kerwen Çaryýarow, 30 kilogram agramda Gylyç Gowşakow, 32 kilogram agramda Şamyrat Nurýagdyýew, 34 kilogram agramda Rahym Nuryýew, 36 kilogram agram derejesinde bolsa, Rahman Hajyýew ýeňiji boldy.

Kiçi futbol ýaryşy geçirildi

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Bäherden etrabynyň Arwaz stadionynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Ýaryşa etrabyň orta mekdeplerinden, sport mekdebiniň türgenlerinden we esgerlerden düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli duşuşyklara baý bolan ýaryşda güýçlüler öňe saýlandy. Ýaryşda sport mekdebiniň “Arwaz” topary birinji, esgerlerden düzülen “Watançy” topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň “Şadyýan” topary üçünji orny eýelediler. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlaryň türgenlerine etrabyň sport mekdebiniň hormat hatlary we TMÝG-niň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport

Spartakiadanyň çäklerinde Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII  spartakiadanyň çäklerinde oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepde geçirilen bu ýaryşa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Sport. Sport. Sport.

Gyzgalaňly geçdi Ýakynda etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap zenanlar bölüminiň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň sport zalynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň 8-nji we 9-njy synpynda okaýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar.

Bedenterbiýe we sport ulgamy

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Be­den­ter­bi­ýe we sport sag­dyn­lyk bi­len berk bag­lany­şyk­ly­dyr. Be­de­ni tap­la­ma­gyň öze­ni bol­sa ka­da­ly iý­mit­len­mek­den, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­den, im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dyr­mak­dan hem-de be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­dan yba­rat­dyr. He­re­ke­tiň pe­sel­me­gi äh­li ag­za­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni gow­şad­ýar. So­nuň üçin hem, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak hä­zir­ki dö­wür­de örän wa­jyp­dyr. Sport bi­len meş­gul­lan­mak, he­re­ket et­mek da­ýanç ul­ga­my­ny ber­ki­dýär, myş­sa­la­ryň göw­rü­mi­ni ulald­ýar, güý­jü­ni art­dyr­ýar, süňk­le­ri ber­kid­ýär. Şeý­le­lik­de, myş­sa­lar kis­lo­rod bi­len baý­laş­ýar. Sport bi­len meş­gul­lan­mak da­ýanç ul­ga­my­ny bir­nä­çe ke­sel­ler­den go­ra­ýar. Iş­jeň he­re­ket­ler nerw ul­ga­my­ny ber­kid­ýär, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Be­den has çyl­şy­rym­ly daş­ky tä­sir­le­re çalt uý­gun­laş­ýar. Şo­nuň üçin hem spor­ty we be­den­ter­biýä­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn iş­le­re äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Sport habarlary

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 Küşt bo­ýun­ça mil­li bi­rin­ji­lik

Söwda toplumynyň hünärmeni kýokuşinkaý karate boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek ba­bat­da hem ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Milli kýo­ku­şin­kaý ka­ra­te mer­ke­zi­niň ag­za­sy, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt çig-mal bir­ža­sy­nyň hü­när­me­ni Ýaz­mu­ham­met Aşir­mu­ra­dow 2024-nji ýylyň  4 — 7-nji ýanwarda Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň An­tal­ýa şä­he­rin­de spor­tuň kýo­ku­şin­kaý ka­ra­te gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Azi­ýanyň açyk çem­pio­na­ty­na gat­na­şyp, 1-nji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Us­sat tür­gen Ýaz­mu­ham­met Aşir­my­ra­dow ýa­ryş­da 80 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş edip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ýaz­mu­ham­met mun­dan öň hem hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän açyk çem­pio­nat­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lup­dy.

Messiniň FIFA dabarasyna barmandygynyň sebäbi belli boldy

Geçen hepdäniň başynda Lionel Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna mynasyp boldy. Argentinaly hüjümçi milli ýygyndy toparlaryň kapitanlarynyň we tälimçileriň, žurnalistleriň we janköýerleriň ses bermeginde ýeňiji boldy. Emma bu dabara Messi gatnaşmady. Metbugatdan alnan maglumatlara görä, argentinaly futbolçy möwsümden öňki türgenleşigi kesmek islemeýändigi sebäpli, baryp bilmändir. Elbetde, Londona çenli ýol uzak, ýoluň ýadawlygyndan soň Messi üç-dört günlük türgenleşigi sypdyrmaly bolmagy-da mümkin. Leonel Messi MLS möwsümine gowy taýýarlykly başlamak isleýär.

Futbol boýunça Aziýa kubogy dowam edýär

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024 2024-nji ýy­lyň 12-nji ýan­wa­ryn­dan — 10-njy few­ra­ly­na çen­li dö­wür­de Ka­tar döw­le­ti­niň Do­ha şä­he­rin­de Fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa Ku­bo­gy ge­çi­ril­ýär.

Yklym çempionatyna ýollanma

Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Merkezi we Günbatar Aziýadan yklym çempionatyna wekilçilik etmäge ýollanma aldy. Bu hukuk ýakynda Omanyň Maskat şäherinde geçirilen sebitleýin ýaryşda gazanylan üstünlikden soň berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen türgenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ilkinji halkara üstünligini hut şu ýaryşda gazandy. Ýurdumyzyň çempiony Ilima Guseýnowa iki tapgyrdan ybarat bolan Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempionatynyň ilkinji tapgyryny altyn medal bilen jemlemegi başardy.

Sagdyn jemgyýetiň özeni

Türkmen halkynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähim bar. Şu pähimden görnüşi ýaly, halkymyz il-günüň saglygyna hemişe iň uly baýlyk, bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlyk hökmünde garap gelipdir we sagdyn durmuş ýörelgesini ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegine öwrüpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge baý many-mazmuna eýe bolup, oňa döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Halkyň saglygyny gorap saklamakdaky esasy serişdeleriň bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmekdigine, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport hereketini ýaýbaňlandyrmakdygyna ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty höweslendirmek, ösdürmek, wagyz etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýandygyna her birimiz şaýatdyrys.

Arkadagyň öwütleri – ýaşlara ýol-ýörelge

Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň ruhy we akyl kämilliginde, halkyň genofondunyň sagdynlygynda ýüze çykýar. Munuň birnäçe şertlere esaslanýandygyny bellemek gerek. Şol şertleriň möhüm bölegi bolsa sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň sazlaşykly ösüşinde jemlenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegi bilen, ulgamyň ýetýän belent sepgitleri türkmen ýaşlarynyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Olaryň sport ýaryşlarynda netijeli çykyş etmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşmagy röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden hem-de ruhy sagdynlygyny şertlendirýär. Täze taryhy eýýamda jemgyýetimizi döwrebap derejede ösdürmäge uly üns berilýär. Muňa ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny ähli taraplaýyn ösdürmek hem-de goldamak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren taryhy ähmiýetli umumy sapagynda hem aýdyň şöhlelendi.

Sport mekdeplerinde

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda sport mekdebinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Nesip bolsa, bu ýyl ruhy baýlyga aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan tutular. Täsirli geçen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Sagdyn nesiller – Watanyň daýanjy

Bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetiň abadançylygynda, döwletiň gülläp ösüşinde aýgytly orny eýeleýändigi dünýä tejribesi esasynda subut edilen ajaýyp hakykatdyr. Berkarar Watanymyzda hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biridir. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň baş maksatlaryny beýan edýär.

Spartakiadanyň çäklerinde

Stol tennisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.