Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatda hem ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Milli kýokuşinkaý karate merkeziniň agzasy, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň hünärmeni Ýazmuhammet Aşirmuradow 2024-nji ýylyň 4 — 7-nji ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde sportuň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatyna gatnaşyp, 1-nji orny eýelemegi başardy. Ussat türgen Ýazmuhammet Aşirmyradow ýaryşda 80 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ýazmuhammet mundan öň hem halkara derejesinde geçirilýän açyk çempionatlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolupdy.