«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024
Bedenterbiýe we sport sagdynlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Bedeni taplamagyň özeni bolsa kadaly iýmitlenmekden, keselleriň öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmekden, immuniteti ýokarlandyrmakdan hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdan ybaratdyr. Hereketiň peselmegi ähli agzalaryň işjeňligini gowşadýar. Sonuň üçin hem, sport bilen yzygiderli meşgullanmak häzirki döwürde örän wajypdyr. Sport bilen meşgullanmak, hereket etmek daýanç ulgamyny berkidýär, myşsalaryň göwrümini ulaldýar, güýjüni artdyrýar, süňkleri berkidýär. Şeýlelikde, myşsalar kislorod bilen baýlaşýar. Sport bilen meşgullanmak daýanç ulgamyny birnäçe kesellerden goraýar. Işjeň hereketler nerw ulgamyny berkidýär, beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Beden has çylşyrymly daşky täsirlere çalt uýgunlaşýar. Şonuň üçin hem sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işlere ähli watandaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar.