"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Bolmaz bolmajak bolsa»

Russiýaly tennisçi Andreý Rublýow Awstraliýa açyk «uly tuwulga» ýaryşynyň çärýek finalynda ýeňlişe sezewar boldy. Bu russiýaly tennisçiniň «uly tuwulga» ýaryşlarynyň çärýek final tapgyryndaky 10-njy ýeňlişidir. Şeýlelikde, ol «uly tuwulgalaryň» çärýek finalyna 10 gezek çykyp, şolaryň ählisinde ýeňlen ilkinji tennisçi hökmünde taryha girdi. Maglumat üçin, Andreý Rublýow «uly tuwulga» ýaryşlaryndaky ilkinji çärýek finalyna 2017-nji ýylda «Amerika açykda» çykypdy.

Klopp «Liwerpul» -y terk eder

Germaniýaly hünärmen Ýurgen Klopp şu möwsüm tamamlanandan soňra «Liwerpul»-yň baş tälimçiliginden gitjekdigini mälim etdi. Ýeri gelende bellesek, Ýurgen Klopp «Liwerpul»-a 2015-nji ýyldan bäri tälim berýär. 56 ýaşly hünärmen mersisaýd kluby bilen ÝÇL-de, APL-da, Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Angliýanyň Kubogyna, Angliýanyň Liga kubogyna, Angliýanyň Superkubogyna we UEFA-nyň Superkubogyna eýe çykdy.

DÇ — 2026-nyň ýeňijisi Dallasda kesgitlener

2026-njy ýyldaky Futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy Dallasdaky (ABŞ) «Meetlays» stadionynda geçiriler. DÇ — 2026-nyň ýeňijisini kesgitlejek duşuşygy kabul etjek bu stadionyň iň ýokary sygymy 105 müň tomaşaça deňdir.

Ýokary liga 4-nji martda badalga berler

4-nji martda Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu barada Ýokary liga wekilçilik edýän klublara resmi hat iberdi. Hatda bellenilişine görä, Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji üç tapgyrynyň duşuşyklaryny 4-nji, 7-nji we 10-njy martda geçirmek meýilleşdirilýär.

Madridde «Formula -1» boýunça Gran-pri geçiriler

Madrid şäherinde «Formula-1» boýunça Gran-pri ýaryşyny geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Oňa laýyklykda, 2026-njy ýyldan başlap, Madridde «Formula-1» boýunça Gran-pri ýaryşy geçiriler. Bu baradaky ylalaşyk 10 ýyla niýetlenendir.

«SKA»-dan 400-lik rekord

Sankt-Peterburgyň «SKA» hokkeý topary KHL-iň nobatdaky tapgyrynda öz meýdançasynda Astananyň «Barys» toparyny 7:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, «SKA» bu turniriň çäginde 400 sany öý oýnuny ýeňiş bilen tamamlan ilkinji topar hökmünde rekord goýdy. Bu sepgide ýetmek üçin «SKA» toparyna 561 oýun gerek boldy.

Gyzykly geçen bäsleşik

Bereket etrabynda ýerleşýän edara-kärhanalaryň toparlarynyň arasynda futzal boýunça ýaryş geçirdik. Çekeleşikli hem-de gyzykly geçen ýaryşda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan etrapdaky hususy kärhanalaryň işgärlerinden düzülen topar birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Etrabyň polisiýa bölüminiň topary ikinji, bedenterbiýe we sport bölüminiň wekilleri üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda öňdäki orunlary eýelän toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Sagdyn ýaşlar — daýanjymyz

Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň sport älemindäki abraý-mertebesi belende göterilýär. Adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, milli sporty ösdürmek boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sportuň ösmegi ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler berk bedenli, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýeterlik şertler bar. Paýtagtymyzda, şeýle hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän sport mekdepleridir bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ussat türgenleri taýýarlamagyň özboluşly ojagy bolup durýar.

Kiçi futbol ýaryşy

Tejen etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan etrapdaky 42-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş guraldy. Oňa etrapdaky orta mekdeplerde bilim alýan ýokary synp okuwçy oglanlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli hem-de gyzykly duşuşyklary özünde jemlän ýaryşda 42-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 35-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji toparlara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport. Sport. Sport.

Ezberler öňe saýlandylar Golaýda ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji sport mekdepde sportuň şaşka görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Türk­men hal­ky­nyň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry öç­me­jek ru­hy we ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na eýe bo­lup, adam­la­ryň ru­hy dün­ýä­sin­de, dur­mu­şyn­da, ola­ryň aňyn­da ba­ky yşk bo­lup or­naş­dy. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry yn­san­per­wer­li­giň, wa­tan­çy­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň se­na­sy bo­lup, köp ýurt­lar­da alym­lar we şa­hyr­lar üçin gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu mi­ras türk­men hal­ky­nyň we tu­tuş tür­ki halk­la­ryň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ede­bi­ýa­ty­nyň dil­den-di­le ge­çen seý­rek gol­ýaz­ma­la­ry­dyr.

Sport habarlary

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 XXXIII olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk

Dört ýyldan bir gezek gaýtalanýan gün

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Yn­ha, ýe­ne san­ly­ja gün­den gyş pas­ly­nyň ikin­ji aýy, ýy­lyň ker­wen­ba­şy­sy bo­lan ýan­war ta­mam­lan­ýar. Onuň yzyn­dan bol­sa few­ral ge­ler. Onuň ady hem la­tyn­ça­dan ter­ji­me ede­niň­de, «aras­sa­laý­jy aý», «tä­miz­le­ýän aý» diý­me­gi aň­lad­ýar. Few­ral on iki aýyň için­de iň gys­ga aý ha­sap­lan­ýar. Şa­hyr aýt­myş­la­ýyn, few­ral gys­ga­ly­gy­na utan­ýar, ýö­ne ol ba­ha­ra how­lu­gyp, üç gü­ni kem alyp­dyr. Şu aý­ra­tyn­ly­gy bi­len hem ol beý­le­ki aý­la­ryň hem­me­sin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa few­ra­lyň her dört ýyl­da bir ge­zek 29 gün­den yba­rat bol­ma­gy­dyr. Şol dör­dün­ji ýyl, ýag­ny few­ra­lyň 29 gü­ni öz içi­ne al­ýan ýy­ly-da şu ýyl­dyr — 2024-nji ýyl.

Sport sagdynlygyň gözbaşy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy we saý­lap alan ugur­la­ryn­da kä­mil­leş­me­gi ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, netijeli iş­ler durmuşa ge­çi­ril­ýär. Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ösen dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek­de çalt dep­gin­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Sport ul­ga­my­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi onuň döw­re­bap hu­kuk esas­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi bi­len şert­len­di­ril­ýär. Sag­dyn­ly­gyň gi­re­wi bo­lan, şah­sy­ýe­ti ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len sport ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da döw­le­ti­mi­ziň sport ba­bat­da ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni kes­git­le­ýän ka­da­lar­dan göz­baş al­ýar. «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny hem jem­gy­ýe­ti­miz­de ila­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­me­gi, ra­ýat­la­ryň be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy­ny, ola­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da

Ýetginjek tennisçilerimiziň üstünligi

Golaýda Omanyň Maskat şäherinde geçirilen Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň Günbatar hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin saýlama tapgyry geçirildi. Ýaryşda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň türgenleri guwandyryjy netije gazandylar. Ilki bilen Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň birinji ýaryşy guraldy. Ýekelikdäki bäsleşikde ildeşimiz Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz aýgytlaýjy duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň türgeni Hana Shabanpoury ýeňmegi başardy. Jübütlikdäki bäsleşigiň jemleýji oýnunda bolsa Ilima Guseýnowa bilen Aýlara Kakabaýewa bilelikde Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerinden asgyn geldiler. Şeýlelikde, türkmenistanly ýetginjek gyzlar kümüş medallary eýelediler.

Ähmiýetli dabara

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň bilelikde geçiren dabarasy hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagyna hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlandy.

Halkara ýaryşyň goşa medaly

Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kýokuşinkaý karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar. Bäsleşikde 80 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hünärmeni Ýazmuhammet Aşyrmyradow hem-de 90 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Myrat Ekäýew altyn medallara mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň arasynda gylyçlaşmak boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Diýarymyzyň dürli künjeginden zehinli türgenleriň gatnaşan birinjiliginde 17 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda balkanly türgenlere taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow hem-de Ýelizaweta Wodopýanowa hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebi Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. Bu ýerde häzirki wagtda ýaşajyk türgenleriň 600-e golaýy tälim alýar. Olar sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde sportuň woleýbol, futbol, söweş sungaty bolan taýboks, milli göreş görnüşleri hereket edýär. Her günde iki wagtyna geçirilýän okuw-türgenleşik işleri türgenleriň meşgullanýan sport görnüşleriniň inçe tilsimlerini ele almaklaryna ýardam berýär. Etrabymyzyň çagalaryny sporta höweslendirmek maksady bilen, «Men sporty saýladym», «Sport we saglyk» ýaly birnäçe mowzuklardan wagyz-nesihat ähmiýetli gürrüňdeşlikleri häli-şindi geçirýäris. Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryny bilim alýan orta mekdebine baryp, Hormat hatlaryny, sowgatlary köpçülik ýerinde gowşurmak bilen höweslendirýäris.

Watan goragçylarynyň gününe

Golaýda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň guramagynda karate we dzýudo boýunça ýaryşlar geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşlarda watan goragçylary ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, karate boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen edermen» topary öňdeligi eýeledi. Toparyň türgenleri 15 altyn, 6 kümüş, 8 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala» topary ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» toparynyň türgenleri umumylykda üçünji orna mynasyp boldular.