«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024
Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde, durmuşynda, olaryň aňynda baky yşk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň goşgulary ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň senasy bolup, köp ýurtlarda alymlar we şahyrlar üçin gollanma bolup hyzmat edýär. Bu miras türkmen halkynyň we tutuş türki halklaryň, Merkezi Aziýanyň edebiýatynyň dilden-dile geçen seýrek golýazmalarydyr.