«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024
Ynha, ýene sanlyja günden gyş paslynyň ikinji aýy, ýylyň kerwenbaşysy bolan ýanwar tamamlanýar. Onuň yzyndan bolsa fewral geler. Onuň ady hem latynçadan terjime edeniňde, «arassalaýjy aý», «tämizleýän aý» diýmegi aňladýar. Fewral on iki aýyň içinde iň gysga aý hasaplanýar. Şahyr aýtmyşlaýyn, fewral gysgalygyna utanýar, ýöne ol bahara howlugyp, üç güni kem alypdyr. Şu aýratynlygy bilen hem ol beýleki aýlaryň hemmesinden tapawutlanýar. Onuň iň esasy aýratynlygy bolsa fewralyň her dört ýylda bir gezek 29 günden ybarat bolmagydyr. Şol dördünji ýyl, ýagny fewralyň 29 güni öz içine alýan ýyly-da şu ýyldyr — 2024-nji ýyl.