Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kýokuşinkaý karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar.
Bäsleşikde 80 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hünärmeni Ýazmuhammet Aşyrmyradow hem-de 90 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Myrat Ekäýew altyn medallara mynasyp boldular.