"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Taryhda şu gün

Russiýanyň «Anži» futbol topary 2012-nji ýylyň 17-nji fewralynda niderlandly belli tälimçi Guus Hiddink bilen şertnama baglaşdy. 1,5 ýyla niýetlenen şertnamanyň dowamynda Hiddingiň ýolbaşçylygyndaky bu topar şol ýyl ýerli çempionaty bäşinji orunda tamamlady. 2013-nji ýylda bolsa toparyň Russiýanyň premýer-ligasyndaky çykyşy üçünji orun bilen tamamlandy. Şol döwürler toparda dünýä ýyldyzlary kamerunly Samuel Eto’o bilen braziliýaly goragçy Roberto Karlosyň hem çykyş edendiklerini bellemek gerek. ***

Bir ýaryşdan 28 medal

Paýtagtymyzda küşt boýunça 14, 16 we 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen çempionatda welaýatymyzyň küştçüleri öňdäki orunlaryň agramly bölegini eýeläp, toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Has takygy, welaýatymyzyň küştçüleri nusgawy görnüşde 9, rapid görnüşinde 10, blisde hem 9 medala mynasyp boldular. Üç görnüşiň jemi boýunça gündogarly küştçüler altyn medallaryň 12-sini, kümüş medallaryň 7-sini we bürünç medallaryň 9-syny gazandylar.

Türkmenistanly emin VAR ulgamy bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdy

FIFA-nyň emini Resul Mämmedow ilkinji türkmen emini hökmünde Daşkent şäherinde geçirilýän VAR ulgamy bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdy.  FIFA-nyň hem-de Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň bilelikde geçiren okuw-maslahatynyň dowamynda halkara derejeli eminler topary tejribeli gözükdirijilerden sapak aldylar.

Ro­nal­do klub­lar­da­ky 1000-nji du­şu­şy­gyn­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­di

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da-da 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Gün­ba­tar zo­lak­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň klub­la­ry­nyň öza­ra du­şu­şy­gyn­da «Al Nassr» myh­man­çy­lyk­da «Al Fah­ýa» to­pa­ry­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ke-täk go­ly 81-nji mi­nut­da Kris­tia­no Ro­nal­do öz ady­na ýaz­dyr­dy. Bu onuň klub­lar­da­ky 1000-nji du­şu­şy­gy bo­lup, ol 746-njy go­lu­ny der­we­zä gi­riz­di (klub­lar­da). Por­tu­ga­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz şol 1000 du­şu­şyk­da 236 go­la asist hem et­di. Şeý­le-de, bu gol Ro­nal­do­nyň pe­nal­ti­siz ge­çi­ren 713-nji go­ly bo­lup, ol Mes­si bi­len deň­leş­di. «Na­saf» (Öz­be­gis­tan) bi­len «Al Ai­niň» (BAE) ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy.

Sişenbe güni myhmanlar, çarşenbe güni ýer eýeleri ýeňiş gazandy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2 aý­lyk ara­kes­me ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Tap­gy­ryň il­kin­ji 2 du­şu­şy­gyn­da, has ta­ky­gy, si­şen­be­dä­ki oýun­lar­da myh­man­çy­lyk­da­ky to­par­lar,

«Baýeri» «Bawariýa» hem durzup bilmedi

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ba­ýer» öz meý­dan­ça­syn­da «Ba­wa­ri­ýa­ny» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Umu­my­lyk­da 31 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän we «Ba­wa­ri­ýa­nyň» re­kor­dy­na go­laý­lan (1 oýun gal­dy) «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny 18-nji mi­nut­da Sta­ni­şiç, 50-nji mi­nut­da Gri­mal­do hem-de 90+5-nji mi­nut­da uzak ara­lyk­dan to­py boş der­we­zä gö­nük­di­ren Frim­pong ge­çir­di. «Ba­ýer» soň­ky ge­zek ge­çen ýy­lyň ma­ýyn­da utu­lyp­dy. Bu ýe­ňiş­den soň «Ba­ýer» «Ba­wa­ri­ýa­dan» 5 utuk öňe saý­lan­dy. «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» hem şol ha­sap bi­len «Fraý­bur­gy» ýeň­me­gi ba­şar­dy. Gol­la­ryň 2-si­ni Füllk­ru­guň pas­la­ry bi­len Ma­len hem-de Füllk­ru­guň özi der­we­zä gi­riz­di. 3-nji orun­da bar­ýan «Ştut­gart» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Maýn­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýene-de «Realdan» asgyn geldi

«Arsenalyň» taryhy ýeňşi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da Lon­don der­bi­sin­de «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «West Ha­myň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 6 gol gi­riz­di. Bu top­çu­la­ryň «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» myh­man­çy­lyk­da ga­za­nan iň uly ha­sap­ly ýeň­şi bo­lup, du­şu­şy­gyň gol­la­ry­ny Sa­li­ba, Sa­ka (2), Gab­ri­el, Tros­sar hem-de Raýs da­gy ge­çir­di. Baş­ga bir Lon­don der­bi­sin­de-de «Çel­si» gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­lanan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 90-njy mi­nut­dan soň 2 gol ge­çi­rip, myh­man­çy­lyk­da «Kris­tal Pa­la­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­to­ny» Ho­lan­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ho­lann «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» il­kin­ji 50 du­şu­şy­gyn­da 51 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» ýyl­dyz hü­jüm­çi­le­ri – Žo­ta­nyň, Dia­zyň hem-de Nun­ýe­siň gol­la­ry esa­syn­da «Börn­li­ni» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Tot­ten­ham» hem «Braý­to­ny» Jon­so­nyň 90+6-njy mi­nut­da ge­çi­ren go­lun­dan soň 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Il­kin­ji 4-lü­ge gir­mek üçin gö­reş­ýän 2 to­pa­ryň – «As­ton Wil­la» bi­len «Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň» ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da myh­man­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ýu­naý­te­de» ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Heý­lunn bi­len Mak­to­mi­neý der­we­zä gi­riz­di.

UEFA Mil­let­ler Li­ga­synyň bijeleri çekildi

UEFA Mil­let­ler Li­ga­syn­da 2024/25 möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­jä la­ýyk­lyk­da «A» Li­ga­nyň iň güýç­li to­par­ça­sy 2-nji to­par­ça bo­lup, Ita­li­ýa­dyr Bel­gi­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň hem-de Ys­ra­ýy­lyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra du­şu­şar­lar. «A», «B», «C» Li­ga­la­ryn­da 4 to­par­ly 4 to­par­ça bo­lup, «D» Li­ga­syn­da 3 to­par­ly 2 to­par­ça bar. «A» Li­ga­nyň her to­par­ça­syn­da 1-2-nji ýe­ri eýe­län­ler gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da çär­ýek fi­nal­da oý­na­rlar. Bu du­şu­şyk­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan­lar ýa­rym fi­na­la çy­kar­lar. «B» Li­ga­nyň to­par­ça­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­län­ler «A» Li­gada, «C» Li­ga­nyň to­par­ça­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­län­ler «B» Li­ga­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nar­lar. «D» Li­ga­nyň her to­par­ça­syn­dan 2 to­par «C» Li­ga­sy­na çy­kar. Ozal­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, to­par­ça­lar­dan soň du­şu­şyk­la­ryň sa­ny kö­pel­di­lip, «A» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler «B» Li­ga­da 2-nji ýe­ri eýe­län­ler bi­len, «B» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler, «C» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler bi­le­n öza­ra pleý-off du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çi­rer­ler.

Azi­ýa­da-da, Af­ri­ka­da-da ýer eýe­le­ri çem­pi­on bol­dy

Bir aýa go­laý wagt­lap do­wam eden iki uly yk­ly­myň — Azi­ýa­nyň hem-de Af­ri­ka­nyň no­bat­da­ky fut­bol çem­pio­nat­la­ry ta­mam­lan­dy. Bir­nä­çe gör­ke­zi­ji ba­bat­da bir­meň­zeş bo­lan çem­pio­na­tyň iki­sin­de hem ýer eýe­le­ri çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

Samboçylaryň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirip, onuň çäklerinde dostlukly döwletiň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşa-da gatnaşdylar. Öňde duran dünýä we yklym çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrülen bu çäre türgenlerimiziň fiziki we taktiki taýýarlygynyň ýokarlanmagyna şert döretdi. Olar abraýly ýaryşda dürli derejeli medallaryň 15-sini gazanyp, toparlaýyn hasapda üçünji orna mynasyp boldular. 28-nji gezek geçirilen halkara ýaryşa Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň 37-si türkmenistanly samboçylardyr. Türgenler iki günläp bu oýnuň iki görnüşi boýunça medallaryň 21 toplumy üçin göreşdiler. Halkara sambo federasiýasynyň ýyllyk meýilnamasyndan orun alan ýaryşda ildeşlerimiziň dördüsi çempion bolmagy başardy. Has takygy, erkekleriň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde Köýtendag etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Möminjan Arzykulowa, 79 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maksat Annagylyjowa, 88 kilograma çenli derejede Türkmenistanyň Söweş sungatlary boýunça milli federasiýasynyň türgeni Agasapar Muhadowa, 98 kilograma çenli derejede Aşgaba

Sport

Sport — sagdynlygyň binýady Ynsanyň saglygyny goramakda, bedenini berkitmekde we bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny üpjün etmekde iň ygtybarly serişde sport bilen meşgullanmak, gün tertibinde bedenterbiýe maşklaryna orun bermek hasaplanylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlarymyzy sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek, döwletimiziň sport abraýyny halkara derejede belentliklere götermek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky edaralar bilen bilelikde guramagynda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Ýaş türgenler woleýbol meýdançasynda

Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň sport zaly bu gezek etrabymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň türgenleriniň ygtyýaryna berildi. Bu ýerde oglanlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşik ilki zonalar boýunça geçirilip, olarda öňe saýlanan toparlar jemleýji tapgyrda duşuşdylar. Ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen ýaryşda etrabymyzdaky 6-njy orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. Topary ýaryşa mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Polat Tyllaýew taýýarlady. 51-nji orta mekdebiň topary ikinji orna mynasyp boldy. Olary ýaryşa özüm taýýarladym. Üçünji orny bolsa bedenterbiýe mugallymy Lebap Baýramow tarapyndan tälim berilýän 47-nji orta mekdebiň topary eýeledi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden toparlara «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Samboçylar umumytoparlaýyn bäsleşigiň hormat münberine çykdylar

2024-nji ýylyň 24-nji ýanwar – 13-nji fewraly aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde sportuň sambo we söweş sambo görnüşleri boýunça geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde guralan Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 7 ― 10-njy fewral aralygynda dowam eden ýaryşyň dowamynda jemi 15 medal (4 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç) gazanyp, umumytoparlaýyn bäsleşikde 3-nji orny eýeledi.

Ýaş pälwanlar bäsleşdi

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşda ýaş pälwanlar 40; 45; 48; 52; 57; 62; 68; 74 kilogram agram derejeleri boýunça özara bäsleşdiler. Çekeleşikli we gyzykly geçen ýaryşda her agram derejesi boýunça güýçlüler öňe saýlanyp, ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Netijede, Gökdepe etrabynyň topary birinji, Tejen etrabynyň topary ikinji, Babadaýhan etrabynyň topary bolsa üçünji orna mynayp boldy. Ýeňijilere hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Aziýa çempionatyndan medallar

Özbegistanda geçirilen Aziýanyň çempionaty türkmenistanly agyr atletikaçylar üçin şu ýylyň tomsunda Fransiýada geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. Bu ýaryş, bir tarapdan, ildeşlerimiziň halkara tejribesini artdyrsa, ikinji bir tarapdan, olara Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin zerur bolan utuklary gazanmaga mümkinçilik berdi. Yklym ýaryşyna ýurdumyzyň iň güýçli agyr atletikaçylary gatnaşdy. Şolardan Gaýgysyz Töräýew we Änamjan Rustamowa medallara mynasyp boldy.

Sport

ERJELLER ÖŇE SAÝLANDYLAR Hormatly Prezidentimiziň sport syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri hem sport desgalary bu günki günde ýaşlaryň arzyly mekanyna öwrüldi. Indi olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrýan türgenleriň sany artýar.

Samboçy gyzlarymyzyň üstünligi

Şu ýylyň 2 — 10-njy fewraly aralygynda Minsk şäherinde sambo boýunça Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşa biziň ýurdumyzyň türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyz jemi 15 — 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medal gazanyp, umumy toparlaýyn bäsleşikde 3-nji orny eýeledi. Biziň mekdebimiziň pälwan gyzlary hem ýaryşda 1 kümüş, 2 bürünç medala eýe bolup, milli ýygyndymyzyň nobatdaky üstünligine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Ýagny, Aziza Nazarowa 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ikinji orny eýeledi. Şeýle hem şu agram derejesinde ýeňiş gazanan türgenlerimiziň ýene-de biri Bägül Nuryýewadyr. Ol ýaryşda 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Türgenlerimiziň ýene-de biri Saodat Işmuradowa 80 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.

«Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Festiwalyň dowamynda 10 — 12 ýaş aralygyndaky çagalardan düzülen futbol toparlary guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurlardaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Çagalar futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda çagalar futbolyny ösdürmekden ybaratdyr.

Wagyz-nesihat çäresi

Sport — sagdynlygyň gözbaşy Golaýda etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TDP-niň etrap komitetiniň guramagynda etrabyň sport mekdeplerine gatnaýan türgenleriň hem-de halypa tälimçileriň gatnaşmagynda “Sport — sagdynlygyň gözbaşy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Sport

ÝEŇIL ATLETIKAÇYLAR BÄSLEŞDILER Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda gazanylýan üstünliklere sport mekdebimizde bitirilýän işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sport mekdebimiziň türgenleri dürli ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, şowly çykyş edýärler.