Ro­nal­do klub­lar­da­ky 1000-nji du­şu­şy­gyn­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­di

16 Fewral 2024
355

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da-da 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Gün­ba­tar zo­lak­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň klub­la­ry­nyň öza­ra du­şu­şy­gyn­da «Al Nassr» myh­man­çy­lyk­da «Al Fah­ýa» to­pa­ry­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ke-täk go­ly 81-nji mi­nut­da Kris­tia­no Ro­nal­do öz ady­na ýaz­dyr­dy. Bu onuň klub­lar­da­ky 1000-nji du­şu­şy­gy bo­lup, ol 746-njy go­lu­ny der­we­zä gi­riz­di (klub­lar­da). Por­tu­ga­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz şol 1000 du­şu­şyk­da 236 go­la asist hem et­di. Şeý­le-de, bu gol Ro­nal­do­nyň pe­nal­ti­siz ge­çi­ren 713-nji go­ly bo­lup, ol Mes­si bi­len deň­leş­di.

«Na­saf» (Öz­be­gis­tan) bi­len «Al Ai­niň» (BAE) ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy.

Beýleki habarlar