UEFA Mil­let­ler Li­ga­synyň bijeleri çekildi

16 Fewral 2024
327

UEFA Mil­let­ler Li­ga­syn­da 2024/25 möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­jä la­ýyk­lyk­da «A» Li­ga­nyň iň güýç­li to­par­ça­sy 2-nji to­par­ça bo­lup, Ita­li­ýa­dyr Bel­gi­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň hem-de Ys­ra­ýy­lyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra du­şu­şar­lar.

«A», «B», «C» Li­ga­la­ryn­da 4 to­par­ly 4 to­par­ça bo­lup, «D» Li­ga­syn­da 3 to­par­ly 2 to­par­ça bar. «A» Li­ga­nyň her to­par­ça­syn­da 1-2-nji ýe­ri eýe­län­ler gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da çär­ýek fi­nal­da oý­na­rlar. Bu du­şu­şyk­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan­lar ýa­rym fi­na­la çy­kar­lar. «B» Li­ga­nyň to­par­ça­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­län­ler «A» Li­gada, «C» Li­ga­nyň to­par­ça­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­län­ler «B» Li­ga­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nar­lar. «D» Li­ga­nyň her to­par­ça­syn­dan 2 to­par «C» Li­ga­sy­na çy­kar. Ozal­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, to­par­ça­lar­dan soň du­şu­şyk­la­ryň sa­ny kö­pel­di­lip, «A» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler «B» Li­ga­da 2-nji ýe­ri eýe­län­ler bi­len, «B» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler, «C» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler bi­le­n öza­ra pleý-off du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çi­rer­ler.

Beýleki habarlar