«Arsenalyň» taryhy ýeňşi

16 Fewral 2024
309

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da Lon­don der­bi­sin­de «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «West Ha­myň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 6 gol gi­riz­di. Bu top­çu­la­ryň «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» myh­man­çy­lyk­da ga­za­nan iň uly ha­sap­ly ýeň­şi bo­lup, du­şu­şy­gyň gol­la­ry­ny Sa­li­ba, Sa­ka (2), Gab­ri­el, Tros­sar hem-de Raýs da­gy ge­çir­di. Baş­ga bir Lon­don der­bi­sin­de-de «Çel­si» gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­lanan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 90-njy mi­nut­dan soň 2 gol ge­çi­rip, myh­man­çy­lyk­da «Kris­tal Pa­la­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­to­ny» Ho­lan­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ho­lann «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» il­kin­ji 50 du­şu­şy­gyn­da 51 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» ýyl­dyz hü­jüm­çi­le­ri – Žo­ta­nyň, Dia­zyň hem-de Nun­ýe­siň gol­la­ry esa­syn­da «Börn­li­ni» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Tot­ten­ham» hem «Braý­to­ny» Jon­so­nyň 90+6-njy mi­nut­da ge­çi­ren go­lun­dan soň 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Il­kin­ji 4-lü­ge gir­mek üçin gö­reş­ýän 2 to­pa­ryň – «As­ton Wil­la» bi­len «Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň» ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da myh­man­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ýu­naý­te­de» ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Heý­lunn bi­len Mak­to­mi­neý der­we­zä gi­riz­di.

Beýleki habarlar