Gelip dur ataň öýüne...

21 Fewral 2023
943

Durmuş diýlen zat köplenç ynsanyň isleg-arzuwlaryndan has başgaça «sowgatlary» taýýarlagan bolýar. Özüňi bilip ugranyňdan döräp başlaýan ýönekeýje islegleriň soňlugy bilen belent-belent maksatlaryňa ulaşyp gitmesi adaty bir zat. Emma bu ýerde adaty däl başga bir zat bar, ol hem şol belentliklere ýeteniňden soň seniň baş baýlygyň, esasy beýikligiň hol gözbaşda galanlygyna akyl ýetirmekdir.

Guşlaryň jüýjejikleriniň ganat biteninden höwürtgelerini terk edip gidişleri ýaly, biz hem aň-düşünjämiziň arzuwlarymyzyň yzyna düşüp ugradygy dogduk öýümizden has uzaklary nazarlap ugraýarys. Okuw, iş, durmuş..., garaz, bahana gyt däl. Emma bu günki gürrüňini etmek isleýän ýagdaýymyz başgaça, öz islegimiz bilen hem bolsa, biraz ýüregiňi gyýýan ýagdaý, ýa-da öz islegiň garşysyna hem bolsa, hökmany bolaýmaly durmuş ýagdaýy.

Gülşirin HANOWA,
Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar