Zenan — mähir dünýäsi

25 Mart 2022
1644

Haýsy ýurtda zenanlaryň kalby, olaryň öýi rahat bolsa, şol ýurdy bagtyýar, geljegini has röwşen hasaplap bolar. Çünki ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň terbiýesi, dünýägaraýşy şol nesilleriň enesinden gözbaş alýar. Gözbaş dury, sagdyn bolanda, onuň akabasynyň giň hem çuň bolýandygy ikuçsuzdyr. Adamzat döräli bäri bize gelip ýeten ýazuw çeşmeleriniň arasyndan Gün kibi lowurdap göze ilýän Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Görogly begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň... nusga alarlyk kämil durmuşynyň aňyrsynda olaryň mährem eneleriniň söýgüsiniň, siňdiren mähriniň durandygy taryhy hakykat. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir. Teatr sungaty bulary açyk, aýdyň öwrenmäge bizi hemişe borçlandyrýar. Teatr sahnasy bizden hemişe gözlegleri, ösüşleri, kämilligi talap edýär. Tehnologiýanyň şeýle ösen zamanasynda, islendik maglumaty internet ulgamynyň üsti bilen öwrenip bolýan döwürde barybir sahnadaky janly gahryman bilen duşuşyk tomaşaça ýiti täsir edýär. Duýgular, beýan edilmesi mümkin bolmadyk ahwallar sahnadaky artist bilen birlikde, tomaşaçyny hem heýjana salýar.

Türkmen teatr sungatyna ykbalyny baglan halypa zenanlardan Sona, Suraý Myradowalar, Sabyr Ataýewa, Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gafurowa, Ýelizaweta Garaýewa, Oguldurdy Mämmetgulyýewa we başgalar dünýä çykan türkmen şahsyýetleriniň, eneleriniň, uýalarynyň, wepaly ýarlarynyň keşbini sahnada janlandyrdylar. Göräýmäge, juda näzik zenan ýüregine nähili gaýratyň, neneňsi gaýduwsyzlygyň sygýandygyny dürli ýyllarda bu zenanlar dürli keşpleriň üsti bilen bize subut etdiler. Özüň teatr ulgamynda zähmet çekip ýörkäň, sahnada bolýan wakalaryň kimdir biri tarapyndan düzülip, tomaşaça hödürlenýändigine akylyň ýetip durka-da, şol zenan keşpleriniň ykbaly seni biparh goýanok. Onsoň, oturyp oýa batýarsyň: şolaryň ýumruk ýalyjak ýüregine munça gaýduwsyzlyk nireden sygdyka?! Teatrda ýazylmadyk kanunlar bolýar. Zenan artistleriň haýsyna şeýle eneleriň, zenanlaryň keşbini döretmek miýesser eden bolsa, şol artistiň özüniňem hormaty, mertebesi has artan ýaly bolýar. Çünki ol nusgalyk zenanyň duýgulary bilen ýaşap gördi ahyry!

Gülälek AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň oýun goýujy režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti.
Beýleki habarlar