Ählumumy borç

28 Ýanwar 2022
1230

Tebigat — ählimiziň bilelikdäki öýümiz. Şonuň üçin hem ony gözümiziň göreji ýaly goramak her birimiz üçin mukaddes borç bolup durýar. Şeýle maksady bolan Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň işine watandaşlarymyzyň ýerli-ýerden ýardam berýändikleri bizi diýseň begendirýär. Yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary bolsa bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrýar.

Ýakynda bu jemgyýetiň welaýat bölümi welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Türkmenabat şäherindäki ýangyna garşy göreş edaralarynyň birinde geçirilen duşuşyga köpsanly myhmanlar, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabatdaky Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary, şäheriň orta mekdeplerinde işleýän bilim işgärleri we okuwçylar, şeýle-de welaýat merkezindäki pagta egriji kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Sähra SAÝIDALIÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar