Ösüşiň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady

22 Noýabr 2021
1221

Ata Watanymyz Türkmenistanyň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar. Bitarap döwletimiz daşary syýasatda sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Diýarymyz halkara giňişliginde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artmagy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna güwä geçýär. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň, milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş edende hem ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Şol başlangyçlar döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar we ony döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalaryň gerimini barha giňeldýär. Diýarymyzyň ençeme gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy hem bu hakykaty aýdyň şöhlelendirýär. 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka hökmünde häsiýetlenip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýany ösdürmek, umuman, halkara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek bilen bagly dürli çärelere işjeň gatnaşýandygyny görkezdi. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň meseleleri, aýratyn-da, syýasat hem-de diplomatiýa, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, sebitde hem-de dünýäde energiýa howpsuzlygynyň anyk gurallaryny döretmek, durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa taslamalaryny öňe ilerletmek ýaly möhüm ugurlar boýunça netijeli başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de şolary üstünlikli durmuşa geçirmekde aýratyn işjeňlik görkezýär.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar