Asyrlara barabar işler

24 Noýabr 2021
1082

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin¬dünýäde ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk¬söýüjilikli ýörelgelere esaslanan¬daşary syýasat ugrunyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň BMG-niň baş münberinden hem-de beýleki halkara guramalarynyň dünýä derejesindäki halkara maslahatlarydyr forumlarynda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmek üçin Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy ählumumy parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has-da artdyrdy. Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, energetika, ekologiýa, suw, ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkarar bolmagy, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlar dünýäde parahatçylygyň, ykdysady hem-de durnukly ösüşiň abadanlygyna gönükdirilendir.

Gurbanmuhammet BAÝRAMALYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, podpolkownik.
Beýleki habarlar