Ekologiýa medeniýeti — sagdynlygyň kepili

9 Noýabr 2021
1612

Bilşimiz ýaly, Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, adamyň tebigata ýetirýän täsirini kadalaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere ýol açyldy. Tebigy baýlyklarymyzy maksadalaýyk we halk bähbitleri üçin peýdalanmakda edilýän işler nusga alarlyk başlangyçdyr. Daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Milli Liderimiziň ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.

Gülruh AŞYRDURDYÝEWA.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi.
Beýleki habarlar