Tyllaýy täjim, damarda ganym — Watan

12 Aprel 2021
931

Başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňeýän, ene toprak, ata Watan diýip ýüzlenýän eziz Diýarymyz biziň iň beýik mukaddesligimizdir, ömür baky togap edýän mesgenimizdir. Onuň hemişelik Bitaraplyk we Garaşsyzlyk derejeleri bolsa berkarar döwletliligimiziň baky nyşanydyr. Watan biziň buýsançly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir we aýdyň ertämizdir.

Parasatly türkmen halky Watanyň duzuny, kemal tapan topragyny, onuň gözel hem täsin tebigatyny, behişdi naz-nygmatlaryny hiç zat bilen çalyşmaz. Göbek ganymyz daman, goýnunda erkana ýaşaýan jenneti mekanymyz biziň ömür baky mesgenimizdir. Çünki her bir ynsan balasy üçin şeýle asuda we abadan ýurtda, parahatçylyk daňynyň, erkinlik şemalynyň astynda ýaşamakdan uly bagt ýokdur. Bizem şeýle bagtdan paýly ynsanlardyrys. Parahat ýurduň, ajaýyp zamananyň ýaşaýjylarydyrys. Ýurt abadançylygy-da, il-günüň bagtyýarlygy-da goşa mukaddeslik saýýan Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň asylly ýörelgelerinden we hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatyndan gözbaş alýar. Bu syýasatlaryň özeninde bolsa ata-baba dowam edip gelýän birek-birege hormat goýmak, dostana gatnaşyklary ösdürmek, ynamy berkitmek, parahatçylygy goldamak ýaly asylly ýörelgeler dur.

Ereşgül NAZAROWA,
Saýat etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar