Aşgabadym — göwünleriň zynaty

26 Aprel 2021
770

Aşgabat, sen nähili gözel şäher?! Seniň köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmeniň kalby ýaly aklygyň tebigy sazlaşygy emele getirýär. Seniň keşbiňi, ýollaryňy, baglaryňy, daglaryňy... synlamak neneň lezzetli! Men seniň gujagyňda pikirleriň ummanyna aralaşmagy halaýaryn. Megerem, şonuň üçindir her gezek seniň goýnuňa gezelenje baranymda, düşen suratlarymy synlamak endigimi aýlar-ýyllar öçürip bilenok. Dynç alyş günleri gezelenje gitmek pikiri beýnime at salan pursadynda, seniň roýuň göz öňümde şöhlelenýär. Çagalykdan galan köne endigim — Aşgabat diýilse, ilki bilen göz öňümde janlanýany — «Ertekiler dünýäsi». Aslynda-ha, seniň her künjegiň ertekä kybapdaş. Megerem, şonuň üçindir seniň gujagyňa dolanymda, özümi hamana ertekiniň täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly duýýaryn.

Aşgabat, seniň çar ýanyňda ak mermerli köşklerdir binalar, sport desgalary, teatrlar, muzeýler, ýaşaýyş jaýlary... garaz, giden kaşaň-kaşaň ymaratlar görküňi goşalandyryp dur. Olaryň daşyny bürän baglyklar tebigatyň sazlaşygyna utgaşyp, ruhuňy göterýär.

Bibi TAGANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.