Sarpaly sargyt

17 Mart 2021
932

(hekaýa)

Toýly aga sakgaldaşy Pirnepes aganyň gelenine örän begendi. Aslynda, onuň özi hem şu hepdäniň içinde onuň ýanyna baryp, gök çaýyň başynda öten-geçenleri ýatlaşyp gaýtmagy ýüregine düwüp otyrdy. Adam çagalykda bile oýnan, ýigitlikde bile tirkeşen, bu günki güne çenli gatnaşyp gelýän adamsyny görende, iň bir ýakyn hossaryny gören ýaly bolýar. Toýly aga dostunyň gelenine begense-de, onuň ýüzünde bir ünji-aladanyň bardygyny soraman aňdy. Ýöne şonda-da dostunyň habaryny almaga howlukmady. Halynyň üstünde saçak ýazyldy. Dürli-dümen süýji-kökeler bilen goşa çäýnek demlenip saçaga gelensoň, çaý başynda mesawy gürrüň başlandy. Öňi bilen, hemişe bolşy ýaly öý-içeri, maşgala ýagdaýlary barada aýdyşdylar, soňra gürrüňiň gerimi oba arasyndaky täzeliklere ýazdy. Aýlanyp-öwrülip, ahyry Pirnepes aga özüni ünjüli görkezen meseläniň üstünden düşdi:

Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar